|

Hormat

Hormat HORMAT

Nan mukaddes ymmata,
Togap gudrat hümmete,
Şirin nazu-nygmata,
Gymmat saçaga hormat.

Türkmen bedew atyna,
Arşdaky sungatyna,
Haly — uz zynatyna,
Gölli — goçaga hormat.

Pähim-paýhas ýaýýana,
Mähri bilen çoýýana,
Keşbine nur çaýýana —
Ak sakgal-saça hormat.

Watana, her ynsana,
Hossar, zürýat — nyşana,
Halkyma-mähribana,
Serdar, gerçege hormat.

Ozan buýsanar merde,
Pitnedir näletkerde,
Ösüş — bäsdeş bar ýerde,
Erjel erjele hormat.

Salyh AÝDOGDYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle