Holle hanym (Erteki)

Ýakob we Wilgelm GRIMM,
nemes ýazyjylary
Köşkde ýaşaýan baý we dul aýalyň iki sany gyzy bardy. Olaryň biri owadan, zähmetsöýer bolsa, beýlekisi ýalta, ýaramaz häsiýetlidi. Emma erbet häsiýetli gyz öz çagasy bolany üçin baý aýal ony gowy görýärdi, onuň iş edenini islänokdy, şonuň üçinem öýüň işleri beýleki gyzyň boýnunady. Zähmetsöýer gyz uzakly gün guýynyň ýanynda oturyp, elleri ganaýança ýüp egrerdi. Günleriň birinde ol hapalanan ýüpdir igini ýuwmak üçin guýynyň üstüne egildi, ýöne birden igini elinden gaçyrdy. Gyz aglap öweý ejesiniň ýanyna bardy-da, başyna düşen zatlary gürrüň berdi. Öweý ejesi muňa gaharlanyp, eýmenç sesi bilen gygyrdy:
— Igi suwa gaçyran bolsaň, öz eliň bilen hem alarsyň!
Gyz guýynyň başyna gelse-de, näme etjegini bilenokdy. Köp wagt pikirlenenden soň, gaçyran igini almak üçin özüni guýa oklady hemem şobada huşuny ýitirdi. Gyz birnäçe minutdan oýanyp, daş-töweregine ser salanda, bir obanyň gyrasynda ýatandygyna göz ýetirdi. Bärsi örän owadandy, güller Gün şöhlesine öwşün atyp otyrdy. Gyz igini gözläp, oba tarap ýöräp ugrady. Onuň öňünden çörek dükany çykdy. Dükanyň içindäki tamdyrda bişip duran mele çörekler gyza şeýle diýdi:
— Bizi bu ýerden çykar, bizi bu ýerden çykar, ýogsam ýanarys, biz eýýäm bişdik.
Gyz çörek üçin ulanylýan taýagy alyp, çörekleriň hemmesini çykardy-da, ýene ýoluny dowam edip, bir miweli agajyň ýanyna geldi. Agaç almadan doludy. Almalar gyza şeýle diýdi:
— Agajy silkele, agajy silkele, biziň hemmämiz bişdik.
Gyz agajy silkeledi, almalaryň bary ýere gaçdy. Agaçda ýekeje alma-da galmady. Gyz almalaryň hemmesini üýşürip, gapdalda goýdy-da, ýene ýoluna dowam etdi. Ahyry gyz kiçijik bir jaýa geldi, jaýyň penjiresinden bir aýal seredip durdy. Bu aýalyň şeýle bir ullakan dişleri bardy welin, gyz gorkup gaçmak isledi. Emma aýal gyzyň yzyndan gygyrdy:
— Balam, nämeden gorkýaň? Ýanyma gel-de, öý işlerime kömekleş, onsoň menden sylagyňy alarsyň. Ýöne berk belle! Düşegimi oňatja edip arassala, ýelejiret. Düşegiň ýeleklerini her gün gar silken ýaly silk. Meniň adym hanym Holle.
Hanym Holle mylaýym gürläni üçin zähmetsöýer gyz ruhlanyp işe başlapdyr. Aýalyň isleýşi ýaly hemme zady edipdir, düşegini arassalapdyr, şemalladypdyr, gar silken ýaly silkeläpdir.
Bärsi gyz üçin örän rahatdy. Ol bu ýerde aladasyz ýaşaýardy. Hiç haçan erbet söz eşitmedi, nahary gaýnadylan ýa-da gowrulan et boldy. Ýöne hanym Holle bilen birnäçe gün ýaşandan soň, gyzyň ýüregi gysyp ugrady. Başda bu ýagdaýa düşünmese-de, soňra öýüne gitmek isleýändigini aňdy. Ol bärde rahat ýaşasa-da, önüp-ösen ýerlerini küýseýärdi. Ahyry gyz çydap bilmän ýüregini Holle hanyma dökdi:
— Men öýümi küýseýän. Bärsi meniň üçin rahat bolsa-da, mundan aňryk galyp biljek däl.
Hanym Holle:
— Men seniň öýüňe dolanmak isleýändigiňe begenýän. Sen şu wagta çenli maňa köp kömek etdiň. Şonuň üçinem seni özümjik eltip gaýtjak. Bu bolsa seniň köpden bäri gözleýän zadyň, al!
Şeýle diýip hanym Holle gyza guýa gaçyran ýüpdir igini berdi. Soňra bolsa gyzy öýüne alyp gaýtdy. Olar ýol aşyp, gyzyň howlusynyň agzyna gelenlerinde, ýokardan üstüne zer bölejikleri ýagyp, gyz durşuna altyn bilen gurşaldy. Gyz howla girdi welin, howludaky horaz:
— Gyzymyz gaýdyp geldi, gyzymyz gaýdyp geldi! — diýip gygyrdy.
Gyz öweý ejesiniň ýanyna gelip, näme-nämäniň bolandygyny ýeke-ýeke gürrüň berdi. Öweý ejesi muny eşidip, beýleki ýalta we erbet häsiýetli gyzynyň hem şular ýaly altyn bilen gurşalanyny isledi. Şonuň üçin ejesi derrew ýalta gyzyny guýynyň başyna ugratdy. Ýalta gyz guýynyň ýanynda ýüp egirmäge derek eýläk-beýläk gezelenç etdi. Soňra elini tikenekli baglara degrip ganatdy-da, igine sürtdi. Şondan soň ganly igini guýa taşlady-da, yz ýany bilen özünem guýa oklady. Bu gyz hem beýleki gyz ýaly owadan tebigatly obanyň gyrasynda peýda bolup, onuň içine tarap ýöräp ugrady. Çörek bişirilýän dükana baranda, çörekler şeýle diýdi:
— Bizi bu ýerden çykar, bizi bu ýerden çykar, ýogsam ýanarys, biz eýýäm bişdik.
Emma ýalta gyz:
— Ellerimi hapalamak islämok — diýip, ýoluny dowam etdi.
Soňra alma agajyna ýetdi. Agaçdaky almalar gygyrdy:
— Agajy silkele, agajy silkele, biziň hemmämiz bişdik.
Ýalta gyz:
— Men-ä agajy silkelemeli, siz bolsa kelläme gaçmalymy?! Meni beýdip aldap bilmersiňiz! — diýip, agajyň deňinden geçip gitdi.
Biraz ýöränden soň gyz hanym Holleniň öýüne geldi we onuň ullakan dişlerini görüp, gorky-ürki etjegem bolmady. Sebäbi ol bu zatlaryň ählisini beýleki owadan we zähmetsöýer gyzdan eşidipdi.
Hanym Holle öňki aýdan zatlaryny bu gyza hem aýtdy. Birinji gün ýalta gyz dişlerini gysyp köp işledi. Hanym Holle gaty gaýrym zat diýende-de, sesini çykarmady, sebäbi gyzyň altyna eýe bolmak höwesi bardy. Emma ikinji gün gyz ýalta häsiýetini görkezip başlady, üçünji gün hasam beterleşdi, irden düşeginden turmak hem islemedi. Hanym Holleniň düşeginem ýygnamady, ony daşaryk çykaryp silkelemedem.
Ahyry hanym Holle ýalta gyzdan doýup, ony işinden boşatdy. Ýalta gyz muňa begendi, sebäbi altyn bilen sylaglanar öýdýärdi. Hanym Holle bu gyzy hem öýüne alyp gaýdyp, gapynyň öňünde saklandy. Ýalta gyz üstünden altyn bölejikleriniň ýagaryna garaşdy, emma onuň üstüne gum ýagdy. Haçan-da, ýalta gyz howla girende, hälki horaz ony görüp:
— Ýalta gyzymyz gaýdyp geldi, ýalta gyzymyz gaýdyp geldi! — diýip gygyrdy.
Ýalta gyzyň üstüne dökülen gum bolsa, hemişelik onuň üstünde galdy.
