|

Hökümdar hem halypa hakynda hekaýat

Hökümdar hem halypa hakynda hekaýat Hökümdar hem halypa hakynda hekaýat

Ýurduñ hökümdary günleñ bir güni
Öz halypasyndan soranmyş şuny:
«Kemiñ bolsa iýmek-geýmek babatda,
Maña duýduraýgyn ýagdaýyñ hakda».

Halypa şeý diýen: «Eý, keremli şa,
Meniñ üçin batma gaýgy-endişä,

Iki sany gul bar meniñ elimde,
Olar ykbalyñy çözýär seniñ-de!»

Şanyñ ýüregine düşüpdir dowul:
«Meñ ykbalym çözýän o neneñsi gul?»

Halypa patyşañ gözlerne bakan
«O gullaryñ ady — isleg hem gahar.

Şol ikisi meniñ erkime tabyn,
Mundan artyk düşündirip durmaýyn.

Eger-de kim bolsa şolaryñ guly,
Günä gazanýandyr uludan-uly.

Sen — şa, näme etseñ, eliñde erkiñ,
Gowudyr öz çakyn tanasa her kim.

Hemmäni deñ çoýar asmanda güneş,
Hergiz men-menlikden durawergin daş». Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle