Hoja Ýusup Hemedanynyň «Ketab-ul — käşf» eseri barada
Hoja Ýusup Hemedanynyň "Ketab-ul — käşf" eseri barada
Hoja Abu Ýusup Ibn Äýub Ibn Huseýin Ibn Währe Hemedanynyň (440-535-nji h. k.) sufistik baradaky gymmatly eseri «KÄŞF» eseridir. Bu uly göwrümli eser diýseň mäkäm hem-de ajaýyp ýazylan eser bolup, VIII-nji hijri kamary asyryndan bäri nätanyş bolup galypdyr. Munuň delilini onuň az nusgagada ýazylanlygy bilen düşündirip bolar. Mongollaryň çozuşy we olaryň sebitdäki bar bolan çeşmelere hem-de ýazylan eserlere, ylaýta-da Balh, Buhara we tutuşlygyna alanymyzda Mawerennahr hem-de Horasanda bar bolan eserlerine üns bermezlikleri we olary ýok etmezlikleri, köp sanly eserlerde öz beýanyny tapypdyr. Hoja Ýusup Hemedanynyň azlyk etmegi, ýa-da bolmasa ýitip gitmegi mongollaryň çozuşlaryna bagly bolup durýar. Sebäbi onuň ýaşaýan we taglym berýän ýeri bolan Hyratdan tä Maru-şahu-jahana çenli bolan aralyk mongollaryň hüjümine sezewar bolupdyr. Muňa garamazdan Hoja Ýusup Hemedanynyň şöhratynyň diňe bir Horasanda däl, eýsem Damask, Bagdat hem-de Ysfyhanda giňden ýaýranlygy sebäpli, onuň birnäçe uly we kiçi göwrümli eserleri VII-nji asyra çenli sopularyň hem-de aryflaryň arasynda giň meşhurlyga eýe bolupdyr. Mysal üçin Jamynyň «Nafahat-ul- uns» atly kitabynda Şeýh Näjibuddin Bozgoş Şirazynyň Hoja Ýusufuň «Rutbät-ul-haýat» atly bir kitabyny okandygyny we «Mänazel -us-saýerin» atly kitaby bilen tanşandygyny ýatlap geçýär.
VII-nji h. k. asyrynyñ ikinji ýarymynda we VIII-nji h. k. asyrynyñ birinji ýarymynda Hoja Ýusup Hemedanynyň «Äl-käşf» atly kitaby tanalypdyr hem-de onuň bir nusgasy Şeýh Äbdussämäd Nätänzide saklanyp galypdyr. Ol şol kitaby Ibn Arabynyň «Fusus-al-hekäm» atly kitaby bilen deň derejede görüpdir. (Alauddowle Semnanynyň Mosännäfat-e farsy atly kitabynyň 340-njy sahypasy ).
Belli bolşuna görä, sufizmiň kyn hem-de çylşyrymly matlablaryny Şeýh Äbdussämäd Nätänziden öwrenen Şeýh Abdurrazad Kaşany, Hoja Ýusup Hemedanynyň «Äl-käşf» atly kitabyny tanaýan eken. (Alauddowle Semnanynyň Mosännäfat-e farsy atly kitabynyň 433-nji sahypasy).
Häzirki asyrda pars dilindäki sufizme degişli kitaplary derňeýän alymlar Jamynyň eserlerine salgylanyp Hoja Ýusup Hemedanynyň «Mänazel-us-saerin» atly kitabyny Hoja Abdullah Änsarynyň «Mänazel-us-saerin» atly kitabyna adynyň meňzeş bolmaklygy sebäpli, bu eseri diňe Hoja Abdullah Änsarynyň kitaby diýip düşünipdirler. (Säýid Näfisiniň «Tarihe näzm we nasr » atly kitabynyň 2-nji tomy, 718-nji sahypasy).
Birnäçe alymlar Hoja Ýusup Hemedanynyň üç eseri ýagny «Rutbät-ul-haýat», «Mänazel-us-saerin»we «Äl-käşf» atly kitaplary bar diýselerde, onuň «Äl-käşf» atly kitaby hakykatda «Mänazel-us-saerin» kitabydyr hem-de onuň doly ady «Äl-käşf än Mänazel-us-saerin ilä-llah äzzä we jäll » -dir.
Hoja Ýusup Hemedanynyň «Rutbät-ul-haýat» atly kitaby doktor Muhammet Riýahy tarapyndan 1362-nji hijri şämsi ýylynda Tähranda çap boldy. Men Hoja Ýusup Hemedanynyň «Äl-käşf » atly kitabynyň nusgasyny çapa taýýarlaryn hem-de ony çap ederin.
Najip Maýel Heräwi; Owganystanly alym; Mary- 2003 ýyl. Edebi makalalar
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.