|

Hirosimo

Hirosimo HIROSIMO

Dünýäň apy-tupany
Artdygyça
Köpeldigiçe gohy-jenjeli,
Damarlar dartylýar,
Ömür süýjeýär.
Gündiz çagalarmy
Basyp bagryma,
Gysmyljyrap höwrüme,
Gezsem ünjüli,
Agşam
Hirosimo düýşüme girýär.
Ilk-ä külden ýasalan
Bir elhenç daga meňzäp,
Bolan işleň barynyň –
Günäkäri men ýaly,
Üstüme kül sowurýar.
Soňra armanly giden
Naýynjar çaga meňzäp,
«Wah, oda düşdüm» diýip,
«Çykaryň, bişdim» diýip,
Gollaryn serýär. –
Hirosimo meniň düýşüme girýär.

Küle öwrülen ene
Kül bolan balasyna
Küle dönen göwsünden
Süýt ýerine kül berýär.
Tozap gitmekden gorkup
Ýatan ata biçäre
Bu bolýan elhençlige
Tapyp bilmänsoň çäre,
Sessiz eňreýär. –
Hirosimo
Meniň düýşüme girýär.

Ömür-boýy söndürip
Bolmajak bir eýmenç ot
Tüssä berip her ýany,
Demir gazanna taşlap
Müňläp-müňläp ynsany,
Ýakyp-gowurýar.
Bakdygymça kem-kemden
Şol otda ýanyp-köýen.
Gelin gelnime meňzäp,
Çaga çagama meňzäp,
Ata özüme meňzäp
Ajy ýylgyrýar –
Hirosimo
Meniň düýşüme girýär.

Hirosimo
Meniň düýşüme girýär…
Älem döräli bäri
Iň eýmenç wagşylyga
Gurlan ýadygär ýaly
Garalyp durýar.
…Dünýäň apy-tupany
Artdygyça,
Köpeldigiçe gohy-jenjeli
Hirosimo
Meniň düýşüme girýär.

Italmaz NURYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle