|

Hindiguş daglarynda

Hindiguş daglarynda HINDIGUŞ DAGLARYNDA

Aýyñ äñi şakyrdaýar aýazdan,
Ýyldyzlar mölterip bakýar…
                                               oýansañ.

Jahyl düwrtügi bar ýüzünde garyñ,
Howalasy belent sowuk ýanwaryñ.

Uçutda sygyrýar jarçysy çilläñ,
Zawlar baýguş ýaly jakyrdap gülýär.

Hanha, dag başyna ýyldyzlar üýşýär,
Läle kakýan gyzlar ýadyña düşýär.

Esgerler postunda. Burjuly gaşy,
Olar demi bilen ýyldyp dur gyşy.

Baýram JÜTDIÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle