Hindi henekleri
Hindi henekleri
 — Ynanmarsyñam, dost, men söýýän gyzyma üç ýyllap gün yrman hat ýazdym. 
 — Ýeri, söýgiñiziñ soñy näme bilen gutardy? 
 — O gyz poçtada işleýän ýigide durmuşa çykdy oturyberdi.
* * *
 — Eger ýöräp barýarkañ öñüñden ýolbars çyksa nädersiñ? 
 — Men hiç zadam etmen… Näme etjek bolsa ýolbars eder!
* * *
 Bir adam barjamly kişiden pul sorapdyr. 
 — Dilegçilik ýagşy zat däl! — diýip, barjamly oña düşündiripdir. 
 — Men sizden pul soraýan, maslahat soramok! — diýip, dilegçi ýeñsesini tüññerdipdir.
* * *
 Aýaly: 
 — Siz meñ başga birine durmuşa çykmagymy isleýäñizmi? 
 Adamsy: 
 — Ýok. Meñ beýlekilere-de ýigrenji bolasym gelenok.
* * *
 Ölüm ýassygynda ýatan bir adam aýalyna şeýle maslahat beripdir: 
 — Men amanadymy tabşyramsoñ, obamyzdaky Guptaja durmuşa çykgyn. 
 Aýaly muña ör-gökden gelipdir: 
 — Aýdýanyñ näme? Ol seniñ ganym duşmanyñ ahyry! 
 — Dogry, keywany. Şeýdip men ondan arymy almakçy…
* * *
 Ejesi oglundan sorapdyr: 
 — «Kim köp geplemeşek» ýaryşynda birinji ýer alanyñy eşidip kakañ näme diýdi? 
 Ogly şeýle diýipdir: 
 — Öñürti-hä ýüzi duw-ak boldy, soñam içini çekip: «Senem ejeñe çekipsiñ!» diýdi.
«Watan» gazeti, 1996 ý. Degişmeler
