«Hiçden giç ýagşy» (Hekaýa)
Sin BIŇ,
hytaý ýazyjysy
Könelerimiz: «Hiçden giç ýagşy» diýipdirler. Onuň manysy «hiç bolmaz» diýildigi däl-de, mütdeti dolup, wagty ýeten zadyň nesibesi göterilse, ugrugyp ötägider diýildigidir.
Muňa mysal hökmünde, ine, geçen aý özüm şeýle wakanyň şaýady boldum. Meniň bilen bir şereketde işleýän Siao Diaň atly bir gyz bardy. Ol açyk göwünli, sada, işine ezber maşgalady, kimdir birine kömek gerek bolsa, höwes bilen ederdi. Üşüklidi, boş wagt tapyndygy dil öwrenerdi. Şonuň üçin hem dil baryny bilýärdi. Ýöne onuň bir ýetmezi bardy — diýseň çekinjeňdi. Biziň aramyzda gepleýär diýäýmeseň, başgalaryň ýanynda hiç dil ýaraýmazdy. Beýle häsiýetiň bilen bagt ýolunda öz taýyňy tapmak kyn. Ýaşam bir ýerde duranok. Eýýäm ýigrimi alty ýaşapdyr. Onuň maňlaýy açylyp, ile goşulyp gitmegini işdeşler bolup näler isleýärdik.
Günleriň birinde öň bile işleşen boýdaşyma sataşdym. Gürrüňden gürrüň çykyp, ol ogluny öýerjek bolýandygyny aýtdy. Eger gözümiň ýetip duran ýerinde ýetişen gyz bar bolsa, salgy bermegimi haýyş etdi. Oglunyň radioda işleýändigini, çekinjeň, ýygra ýigitdigini aýtdy. Gep salgysyndan ol edil Siao Diaňy ýatladýardy. «Bir kemsiz gözel bolmaz» diýleni. Ejesi guda bolmak üçin gyz tapyp duşuşyga ugratsa, ýüzüni dym gyzyl edip, hiç geplemän, ilki turup gaýdyberýän eken. Men oňa Siao Diaň hakynda gürrüň berdim. Eger razy bolsa, ýaşlary görüşdirip, sözleriniň alşyp-alyşmajagyny barlap görmegi teklip etdim. Ýaşlaryň duşuşygyny guramak meniň paýyma düşdi. Men derrew Siao Diaňyň razylygyny aldym.
Agşam sagat ýedide gyz meniňkä gelip, gaty kän oturdy. Gelmeli ýigidimiz Çyn Guaň geler ýerde gelmedi. Garaşmakdan ýaňa ýadap, keýpi gaçan Siao Diaň ahyry öýüne gaýtmak bilen boldy. Ertesi gün joram jaň etdi. Agşam köne derdi gozgap, ýüregagyrysy tutany üçin hassahana girmeli bolupdyr. Ýanynda oglundan başga hiç kim bolmandygy zerarly, ol hem ejesi bile gidipdir. Aljyraňňylyga düşen ýaş ýigit ejesini taşlap gitmegi uslyp görmändir. Wagtam bir çene barypdyr. Ol menden, esasan hem, Siao Diaňdan ötünç soraýandygyny hemem bu sözleri oňa ýetirmegi haýyş etdi.
Siao Diaňa bolan zatlary aýdanymda, olaryň ýagdaýlaryna düşünýändigini, duýgudaşlyk bildirýändigini aýtdy. Soňra täzeden görüşmekleri üçin ýene bir güni belleşdik.
Ikinji gezek olar şenbe güni öýlän sagat altyda duşuşmalydylar. Ýöne Çyn Guaň sagat ýediden soňam gara bermedi. Gyz mundan artyk oturyp biljek däldi, gelşiksizdi, turup gitjek boldy. Men ýene azajyk garaşmagyny haýyş etdim, zordan razylaşdy. Dogrusyny aýtsam, bu ýagdaýdan özüm hem birahatdym. Edilen ynamy ödemänligi üçin, içimden Çyn Guaňa gargynýardym. Ýene ýarym sagat oturan Siao Diaň bialaç gaýtmaly boldy. Men gaharyma bäs gelip bilmän, tüweleý ýaly bolup öýden çykdym. Ulag tutup, Çyn Guaňdan hasap soramak üçin, göni olara ugradym. Baryp, gapylaryny kaksam, hiç kim jogap berenok. Gohuma gapdal goňşularyndan bir garry daýza çykyp, Çyn Guaňyň özüniňkide oturandygyny aýtdy. Içimden: «Seni edişime bir seret! Elinjek tutulansyň. Menden gaçyp, goňşyňyzda bukulýaňmy?!» diýdim-de, daýzanyň gel-geçine-de seretmän, gapydan dazlap girdim. Ýöne Çyn Guaňyň bolup oturyşyny görüp, näme diýjegimem bilmedim. Ol hiç zat bolmadyk ýaly, telewizor bejeren bolup otyrdy. Men bu garrynyň ogludyr gelniniň daşary ýurtdadygyny bilýärdim. Häzir onuň ýeke özi ýaşaýardy, bar güýmenjesi hem telewizordy. Işini boldum eden Çyn Guaňyň gözi maňa düşende, ýüzi gyzaryp, gaty erbet boldy. Ol ussaçylyk gurallaryny ýygnap oturyşyna:
— Olam geldimi? — diýdi.
Men:
— Nireden gelsin? Geler ýaly etdiňmi? Sen nämäň gürrüňini edýäň?! — diýip, iňirdemäge başladym.
Ol ýene bir gezek mümkinçilik berilmegini sorady. Men diýjegimi diýip, içimi sowadanymdan soň:
— Synanyşyp göreýin. Ýöne öňki edenleriňi gaýtalaýsaň…
Çyn Guaň çyny bilen ýylgyrdy.
— Goýberen ýalňyşyma indi ýol bermen. Sözüm sözdür.
Olaryň üçünji gezekki duşuşygy dynç güni sagat alta bellenildi. Siao Diaň ýarym sagat öň geldi. Wagt bolýança garaşsak-da, Çyn Guaň ýene-de gara bermedi. Dodaklaryny dişläp oturan Siao Diaňyň ýüzi ak tam bolup, gözleriniň nury öçdi. Soňra:
— Nesibe ýokdur-da. Ol bu gezegem öňküje oýnuny gaýtalady — diýdi-de, agzymy açyp ýetişmänkäm, çykyp gitdi.
Meniň ähli ysgynym gaçdy, elim-aýagym sowady.
Biraz salymdan gara dere batyp, haş-haş edip, Çyn Guaň bosagadan ätledi.
— Daýza, garaçynym, bilgeşleýin edemok, bir ýagdaý ýüze çykdy, bagyşlaň!
Men içimiň ýangyjyna oňa ýigrenç bilen seretdim-de, gazap bilen gygyrdym:
— Besdir! Görgülijigi nä güne saldyň? Garaşmakdan ýaňa saňa gahar edip, oturyp bilmän çykyp gitdi. Onuň öňünde ýüzümi ýere saldyň. Mundan artyk geçirimlik eder öýdüp pikir etme. Bu meselä nokat goýuldy hasap edäý. Seň üçin indi ýeke sözümem zaýalaman!
Ertesi gün kelläm agyryp, ýerimden galyp bilmän, göwnüçökgün halda öýde ýatyrdym. Agşam sagat altyda ýaňaklaryny gyzardyp, ýylgyrjaklap Siao Diaň gapydan girdi. Birbada näme pikir etjegimem bilmedim. Ol elindäki depderi uzadyp, ýuwaşja sesi bilen:
— Seret, bu şonuňkymy? — diýdi.
— Kim ol? Näme diýýäň?
Meniň häzir başym çaşypdy. Uzadan depderini elime alyp görsem, onuň ýüzünde Çyn Guaňyň ady bar eken. Men gyssanyp:
— Çyn Guaň?! Oň depderi saňa nädip düşüp ýör? — diýdim.
Onsoň Siao Diaň düşündirmäge durdy. Düýn giçlik sagat bäşlerde Siao Diaňyň garry kakasy odur-budur satyn almaga çykypdyr hemem ýolda büdräp ýykylypdyr. Tigirli geçip barýan bir ýaş ýigit muny görüp, ony ýakyndaky hassahana äkidýär. Ýarasyna seretdirip, soňam elinjek öýüne getiripdir. Ýagdaýynyň gowulaşandygyna anyk göz ýetirensoňam öýüne gaýdypdyr. Ýöne ýany bilen göterýän bukjasyny olarda ýadyndan çykaran eken.
Siao Diaň bärden gaharly çykyp, göni öýlerine barypdyr, kakasy oňa bolan zatlary gürrüň berip, özüne kömek eden ýigidiň bukjasyny sagbolsun aýdyp, elinjek eltip bermegi haýyş edipdir (Bukjanyň içinde ýigidiň ýaşaýan öýüniň salgysy hemem ady bar eken). Siao Diaň ol ýigidiň iş ýerini, öý salgysyny okanda, onuň Çyn Guaňdygyna hemem näme sebäpden duşuşyga gijä galandygyna düşünipdir.
Gyzyň hekaýatyny eşidip, düşegimden zöwwe galypdyryn. Ýöne onuň ýüreginde nämäň bardygyny bilemokdym, şoň üçinem ýigidiň göwnüne ýaranyny-ýaramanyny barlap görmek üçin:
— Janym, bukjany goý-da gidiber. Oňa özümjik gowşuraryn — diýdim.
Siao Diaň:
— Ýok, daýza, kakam: «Hut öz eline bergin» diýdi.
— Oň ýaly bolsa, özüň öýlerine baraý.
Onuň ýaňaklary dy-gyzyl boldy. Soňra ýüzüni çalaja aşak egip, şeýle diýdi:
— Ertir agşam bärde täzeden duşuşyp bilmerismi?
— Hiçden giç ýagşy. Gaýdyp bu işe goşulmajakdygyma söz berenem bolsam, göwnüňi ýykyp durmaýyn. Eger eden ýalňyşlyklaryna garamazdan, ony bagyşlap, görüşmäge garşy bolmasaň, Çyn Guaňy bärik getirmek meň bilen. Ýöne ol ýene öňküsini etse näme?
Egnime elini goýan Siao Diaň:
— Günä mende-de bar. Indiki gezek howlukmaçlyk etmän, tä gelýänçä garaşaryn.
Men onuň sözlerine çynym bilen ýylgyrdym.