Hezreti işan kim?
Hezreti işan kim?
HEZRETI IŞAN KIM?
Şu makalany ýazmagymyza 1938-nji ýylda rus dilinde neşir edilen "Türkmenistanyñ we türkmenleriñ taryhyna degişli materiallar" atly kitabyñ 2-nji tomunda halkymyzyñ taryhyna degişli duş gelen bir maglumat sebäp boldy. Ýagny, bu kitabyñ "Asrtabad raýonunda Mahdum-Kulynyñ gozgalañy" atly ýerinde manysy boýunça: "1841-nji ýylda Gürgende uly şahsyýetleriñ hatarynda görülmegine dalaş edýär…" diýlip ýazylypdyr. Soñra türkmenleriñ arasynda uly abraýdan peýdalanýan Mahdum-Kuly hanyñ hem bu gudratly kişiniñ gepine gulak asýandygy aýdylýar. "Türkmenleriñ arasynda şeýle adamlaryñ ady hormat bilen tutulýar, olaryñ ady aýdylmaýar, goralýar we: "Siziñ aly Hezretiñiz", "Hezreti işan" diýip ýüzlenilýär" diýip, kitapda ýazylan. Şeýle hem bu maglumatlara degişli kitapda bir goşmaça hem berilýär. Şol goşmaçanyñ terjimesini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik:
"Mahmudguly gan bilen bagly bu waka "Tarihi-muntazami Nasiri" atly kitapda hem bar bolup, şeýle görnüşde beýan edilýär. Kitapdan bu derwüş baradaky bir maglumaty belläp geçmek gyzyklydyr: "Şu ýyl [1257-nji hijri ýa-da 1841-nji ýyl] Mahmudguly han Nagyşbendi silsilesinden bolan bir derwüşe ýüregi bilen ýakynlaşdy. Ol derwüş özüni sufi we gudrat görkezip bilýän keramatly adam hökmünde görkezýär, türkmen we türki dillerde goşgy, gimn ýazýar. Hormatlamak bilen oña "işan" diýip at berdiler".
Soñra onuñ garrydygy, müridleriñ bardygy-da aýdylýar. Bu maglumatymyzy alan kitabymyzyñ adyny türkmence "Nasyryñ tertipleşdirilen taryhy" diýip terjime edýärler. Kitap Eýranyñ şasy Nasyreddine bagyşlanyp, üç tomdan ybarat bolup, öz içine 622-nji we 1822-nji ýyllar arasyndaky wakalary alýar. Kitabyñ awtory belli taryhçy Muhammet Hasan han kitapda beýan edilýän maglumatlaruñ "Nasih-ut-tawarih" we "Ruzat-us-safa" atly kitaplarda-da bardygy barada aýdýar.
Hezreti işan derwüş sypatly, özüni sufi hasaplaýan, gudrat görkezip bilýän, Nagyşbendi silsilesine degişli, garry, ýerligi Gürgenden, ýagny müridi, halkyñ arasynda uly abraýdan peýdalanýan şahsyýet hökmünde suratlandyrylýar.
Biz Hezreti işana berilýän häsiýetnama bilen gyzyklandyk. Ilki bilen Nagyşbendi ýoly barada okyjylarymyza maglumat beresiniz gelýär. Akademik Bartold şeýle düşündiriş berýär:
"Şu wagtky dowam edip gelýän derwüşler mekdebiniñ iñ gadymkysy Bagdatda ýaşan Abdy Kadyr (1166-njy ýylda ýogalan) tarapyndan esaslandyrylan… Orta Aziýada derwüşçiligiñ iñ abraýly wekiki Bahaweddin Nagyşbendidir, ol XIV asyrda Buharada ýaşapdyr".
Dilçi alym Myratgeldi Söýegow metbugat sahypasynda çap edilen "Magtymguly Pyragy we Nyýazguly Nyýazy" atly makalasynda şeýle ýazýar:
"Şahyr sopuçylykda (sufizm, tasawwuf) Bahaweddin Nagyşbendi (1318-1389) tarapyndan esaslandyrylan nagyşbendiçilik ýolundan ýöräpdir. Allany gözel gyz, magşuk, sopyny bolsa onuñ hak aşygy hökmünde suratlandyrmak bu ýoluñ esasy aýratynlyklarynyñ biridir".
Bu düşündirişlerden soñ, Hezreti işana berilýän häsiýetnamadaky derwüş, sufy, nagyşbendi ýaly sözler düşnükli bolsa gerek.
Indi "garry" diýen sözüñ üstünde durup geçeliñ. Biziñ pikirimizçe, musulman ýurtlarynda adamyñ ýaşyny toparlara bölmekde biri-birinden tapawutlanýan käbir pikirler bar. Şolaryñ birine seredeliñ. 13 ýaşa çenli "çaga", 13 ýaşdan 25-e çenli "jahyl", 25-den 37-ä çenli "ýigitlik", 37-den 49-a çenli "orta ýaşan", 49-dan 61-e çenli "aksakal", 61-den 73-e çenli "ýaşuly", 73-den 85-e çenli "gartaşan", 85-den uly ýaşlylara bolsa "garry diýilýär. Okyjymyz üns beren bolsa, bu hasaplaryñ arasynda 12 ýyllyk müçe hasaby ýatýar.
Indi häzirki döwürde adamyñ ýaş müçesi bilen bagly bu meselä çemelişilişi bilen tanşalyñ. Bütindünýä saglygy saklaýyş guramasu 1963-nji ýylda şeýle klassifikasiýany kabul edipdi:
1. 18 ýaşdan 30 ýaşa (30 ýaş hem girýär) çenli ýaşlyk döwri.
2. 31 ýaşdan 59 ýaşa çenli kämillik döwri.
3. 60 ýaşdan 74 ýaşa çenli gartaşan döwri.
4. 74 ýaşdan 89 ýaşa çenli garrylyk döwri.
5. 90 ýaşdan añyrsy uzak ýaşlylyk döwri.
Bu aýdylanlara esaslanyp, Hezreti işanyñ şol wagt (ýagny, 1841-nji ýylda) iñ azyndan 90 ýaş töwereginde bolandygyny aýtsa boljak (Şu ýerde Magtymguly Pyragynyñ öz ýaşyna degişli 18 sany goşgusynda söz açandygyny, bir goşgusynda bolsa, özüniñ 100-den artyk ýaşynyñ bardygyny ýazandygyny okyjylarymyza ýatladasymyz gelýär).
■ Indi Hezreti işanyñ müridleriniñ bolandygy hakda.
"Mürid" sözi sözlükde şeýle düşündirilýär:
"1. Sopy, sufizm, taglymatyñ ýolbaşçysyna gol beren we ondan şol taglymaty öwrenýän şägirt.
2. Mürşide (ýagny, ruhy ýolbaşçu, pir, sufizm taglymatynyñ ýolbaşçysy) eýerýän adam".
Diýmek, Hezreti işan dini sowady kemsiz ele alyp, pirlige ýeten adam, onuñ müridleri, şägirtleri köp bolupdyr.
Indi Hezreti işan dogrusynda häsiýetnamadaky beýleki maglumatlara-da seredeliñ. Onda bu adamyñ gürgenlidigi, gudrat görkezip bilýän adamdygy aýdylýar. Şu ýerde beýik Magtymguly Pyragynyñ setirlerini mysal getirmekligi ýerlikli hasaplaýarys:
"Öz erkim bilen söz diýmen,
Gelejek ryzka gam iýmen".
("Reftarydyr")
Sözüm ýerde galmaz, diýdigim geler,
Nazarym kimiýadyr, mis altyn bolar.
("Aly Siziñdir").
Sandan çykdyñ togsan ýaşda,
Iman dile, togsan bäşde,
Magtymguly sen ýüz ýaşda,
Bir belli mekana geldiñ.
("Sana geldiñ).
Gürrüñini edýän maglumatymyzda Hezreti işanyñ diñe bir türkmen we türki dillerde goşgy däl, eýsem "gimn" ýazýan şahyrdygy hem agzalyp geçilýär.
Häsiýetnama degişli aýdylanlary jemlemäge synanyşalyñ. Sufizm taglymatynyñ nagyşbendiçilik ýolundan uly pirlige ýeten müridleri bar bolup, gudrat görkezip bilýän, Hezreti işan diýip hormat bilen ýüzlenilen, türkmen we türki dillerde goşgy, gimn ýazan, türkmen halkynyñ arasynda uly abraýy bolan, türkmen şonuñ ýaly-da Eýran şasynyñ taryhçylady tarapyndan-da häsiýetnama berlip taryha girizilen gürgenli Hezreti işan kim? Biziñ pikirimizçe, şeýle häsiýetnama diñe beýik Magtumguly Pyraga degişli bolup biler. Bu çaklamamyzy goldaýan ýene-de birnäçe delillere seredeliñ:
Garrygala etraplarynda ýaşan, ömrüniñ soñky ýyllarynda (XIX asyryñ 30-njy ýyllarynyñ ahyrynda) Gürgene göçüp baran bolmaly, sebäbi taryhçy ol hakynda "Gürgende peýda boldy…" diýip ýazýar.
Käbir alymlaryñ çaklamalaryna görä, beýik şahyr 100-den köpräk ýaşapdyr. Eger-de bu şeýle bolsa (ýokarda şahyryñ öz ýaşy barada ýazan setirlerini ýene bir gezek ýatlalyñ), onda Magtymgulynyñ ýaşan döwri-de bu garşy maglumata gabat gelýär. Taryhçynyñ Hezreti işan baradaky ýazanlaryndan ugur alsañ, onuñ tiresiniñ hem gabat gelýändigi ünsüñi çekýär.
Biz makalamyzyñ soñunda Beýik Magtymguly Pyragy barada islendik maglumatyñ, islendik esaslandyrylan tassyklamanyñ ýa-da çaklamanyñ magtymgulyşynaslyga öz goşandyny goşýanlygyndan ugur alandygymyzy belläsimiz gelýär. Türkmen halkynyñ ruhy seždegähi Magtymguly Pyragy hakyndaky maglumatlary halka ýetirmek bolsa, ýaşlarymyzy Ata Watana söýgi, buýsanç ruhunda terbiýelemekde bize goltgy berer. Bu alymlaryñ öñünde durýan esasy meseleleriñ biridir.
Jora GURBANOW.
# edebiyatwesungat
Taryhy makalalar