Heýkelçi
Heýkelçi
«Mermer daşynyň her bir böleginde adam şekili bar. Adam şekiline getirmek üçin onuň diňe gerekmejek ýerlerini aýraýmaly».
Dawid Mikelanjelo.
Diňe bir mermer däl,
Ähli daşlaram,
Seretsem siňe,
Meňzeýär saňa.
Bürünjem,
Poladam.
Misdir demirem
Meňzeýär saňa.
Boýy göge ýetýän belent çynaram
Meňzeýär saňa.
Bili iki gujak ýüz ýaşly tudam
Meňzeýär saňa.
Alaňlardan akyp ýatan çäge-de
Meňzeýär saňa,
Gözüm ýetdi şol äňede-äňede,
Ýene ýüzlerçe zat
Meňzeýär saňa.
Bir olaň artykmaç ýerin aýyrmak
Hemem timar bermek galypdyr maňa.
Megerem, seň mertebäňe,
Aklyňa
Aşyk bolup dünýädäki barça zat,
Saňa meňzemäge çalşyp gezendir,
Eý, gözellik täji,
Beýik Adamzat.
Italmaz NURYÝEW. Goşgular