|

Hetdini bilmändir / erteki

Hetdini bilmändir / erteki HETDINI BILMÄNDIR

Gadym zamanlarda özüni çemenzarlygyň eýesi hasaplaýan bir gögeýin ýaşapdyr. Ol golaý-goltumyndaky jandarlara jebir çekdirip, sütem edipdir.
Günleriň birinde çemenzarlyga möle gözlije kebelek gelipdir. Ol güle gonup, kinniwanja hortumjygy bilen şire sormaýarmyş. Muny daş-töweregine hüşgärlik bilen ser salýan gögeýin görüpdir—de dergazap bolupdyr. Onuň:
— Menden rugsat almazdan gülleriň şiresinden datmaga neneň het edip bildiň?-diýen ýakymsyz sese kebelek tisginip gidipdir. “Dawaly ýerde ýumryk bar!” diýipdir—de, zemenzarlykdan daşlaşypdyr.
Hiç kimden garaw görmedik gögeýiniň gäbi azypdyr.
Bu gün çemenzarlyga göleli sygyr gelipdir. Olar dünýäsini unudyp, ter gamyşlaryň hözürini görýärdiler. Birden gahar-gazap gatyşykly hemle eşidilipdir.
Degre—daşynda janly-jemende görmedik sygyr tüýlek guýrugy bilen bedenini gamçylap başlady. Şonda sygyryň sagrysynda temegini göge tutup ykjam oturan gögeýin gaýyp ýere düşüpdir. Ertekiler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle