Her-nä, ýitmesin gözüň röwşeni
Her-nä, ýitmesin gözüň röwşeni
Hernä, ýitmesin gözüň röwşeni,
Saýgarsyn ýagşyny hem ýamany,
Il içinde alkyşyny gözlesin,
Ýöne gözlemesin, dosduň kemini,
Hernä ýitmesin gözüň röwşeni,
saýgarsyn agyň, garaň serhedin,
Gara zat ak bolup görünýän bolsa,
Şol ak zat ýüreginiň reňkidir
Hernä ýitmesin gözüň röwşeni,
gowy ,gowy durmuş görsün entekler,
öwrensin, öwretsin görenlerini,
soň össün, güller açsyn, pyntyklar.
Hernä ýitmesin gözüň röwşeni,
Ýaman dälde, ýagşy görsün hemmäni,
Çünki ähli zada arzuwly bolsun,
Söýsün.
şu görünýän dünýäni.
Hernä ýitmesin gözüň röwşeni,
ýagşy zatlar arzuw etsin ylaýym,
Bu dünýäde ähli ynsan ýüregi
Goý, ýylgyrsyn bahar ýaly mylaýym.
21.03.2022 ý.
Remezan MÄMETGURBANOW. Goşgular