|

Her kimiñ öz dünýäsi bar dünýäde…

Her kimiñ öz dünýäsi bar dünýäde… HER KIMIÑ ÖZ DÜNÝÄSI BAR DÜNÝÄDE…

Her kimiñ öz dünýäsi bar dünýäde...

Her kimiň öz dünýäsi bar dünýäde
(Täleýden, kysmatdan, ykbaldan başga),
Parhy ýok: şu günmi, ertir, düýn ýa-da
Sensiz ýaşap bilýänimi bagyşla;
Bagyşla kalbyma, aňyma siňen
Perişde deý durkuň bilen oňýanym —
Gazanmadym, ýüz müň dürli öwsübem,
Birje gezek eden işim oňlanyň.
Tas özümi ýitiripdim ýoluňda,
Tas elden gidipdi kelebiň ujy.
Duýdum: perişde-de galmaz ornuňda,
Özüm bilen deň ýitirsem hyrujy.

Düşün meň düşünip bilmeýänime,
Kesgitlemäň ýokdugyna heserme,
Özüm ýazyp, özüm geňleýänime,
Özüň kürsäp urşuň her bir eserme;
Düşün ahyr: men düşünip bilemok,
Zäherlenýän, başga güli ysgasam,
Seň bilenem degşip-gülşüp bilemok —
Artyk sözleň uzynlaram, gysgasam.
Öz-özüme artýan ýigrenjiň ujy
Ýeter öýdüp gorkýan senli dünýäme;
Ol bolsa şeýlebir, şeýlebir süýji —
Meň nähili söýýänimi bilýäň-ä!..

Parhy ýok oň: sogapdamy, günäde —
Her dünýäň öz dünýäsi bar dünýäde…

20.07.2018.

Çary ATAÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle