|

Hemme-de ýalñyşyp bilýär

Hemme-de ýalñyşyp bilýär HEMME-DE ÝALÑYŞYP BILÝÄR

Hak aşyk, akylly, akmak, gedemler,
Aslynda, hemme-de ýalňyşyp bilýär.
Biziň aýrylmagmyz arzuw edenler,
Bu gün birin-birin  gaýşaryp gülýär.

Owadan meňziňe çöküpdir bulut,
Gözleriň astyny nemler tutupdyr.
Bu bolşuň gelikşez, geçeni unut,
Täze geljek saňa uly utukdyr.

Gözleri pyýala, içi bir umman,
Saçlaryn halanym buýra hem lemmer,
Ýaşaýyn, gussadan basylyp dymman,
Eý, perim, öňkiň deý demiňden dem ber.

Atyrdan ýokarda  müşkden ileri,
Boýnuňda ýerläpsiň yşgyň jadysyn.
Şol ysy tapmadym dönüp  balara,
Gözlesem-de, hatda behişt adasyn.

Ýelkäme baş goýup, ýumaňda gözüň.
Özümi  saýardym şo mahal bagtly
A häzir gaýtalap, heh, heh, he sözüň,
Ah, bolýaryn, iň garyp, iň köp wagtly.

Gaharma  söýgimi goýmadyň ýetim,
Hany şol mähiriň, hany şol dogmuň?
Bilýän, günä özümdedir  ahbetin,
Indi hatda diýeňogam: — Gowumyň!

Ýuwardyň günälem ýaşlaryň bilen,
Aýdardyň gidenňi, gelenňi nirden.
Gyýylsam, bolardyň ýalandan gülen,
Hem SMS bilen oýa:rdyň irden.

Diýerdiň: -On ikem bolanok sagat,
Häzir ýatmak bormy, gürleşäýeli!
Şu mahal tersine, bu neneň halat,
Ezizim,  öňki deý  görüşäýeli…

Sowuk şemal ýüzün urup penjirä,
Hüwledip ýüregmi pyçaksyz dilýär.
Diýseňem: -Goýsana, sen örän jür-ä,
Aslynda,  hemme-de ýalňyşyp bilýär.

Kesişdir, bölekle… ine meň kalbym,
Başarmasaň ony mähre nagyşla,
Barlygym, bir ömür ýanymda galgyn,
Aýtmasy kyn…
                            Seni söýýän!
                                                   Bagyşla!
 

EJEMIÑ MAÑA DIÝÝÄN ÜÇ SÖZI

Görmesem diýerdi: -Gaýgy sen, gaýgy,
Bezzatlyk edäýsem kä diýer: Ýagy.
Ýöne ki diýerdi ejem köpüräk,
Allama döneýin, wah, balam gowy.

Ahmet ARAZOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle