|

Hazara

Hazara HAZARA

Ýok, göbek ganymam saña dammandyr,
Taban murtum başga ýerde syryldy.
Göwnümde tolkunýar mawy ummanlar,
Ýaşlygym kenarña dañlyp dur indi.

Pata alyp geldim saña gumlardan,
Durun jemalyñdan sowman gözümi.
Çarlagyñ ganatyn ogşan gomlardan,
Uzak ýyllar gözläp tapdym özümi.

* * *

Göwher gyryndysy sepildi deñze,
Deñziñ ýüzi tylla zerden gaýmaklan.
Ýüregim bendiwan bu gözel meñze,
Daş et, ykbal, şu görnüşden doýmakdan.

Deñziñ boz şemaly ýüzüñi ýalap,
Säherde deñiz deý giñeýär göwün.
Ýygnar dañyñ elwan şapagna dolap,
Deňziñ düýbündäki ýyldyzlary Gün.

* * *

Bu gün göwnüm özüñki deý çaýkanýar,
Bir-birine için döker dertdeşler.
Seniñ goldawyña mätäç men, deñzim,
Telim gaýy başdan sowup, mertleşen.

Men saña içimi dökeýin, deñzim,
Ýöne gyrmança deý zyñma kenara.
Zyñsañ,
ejizlänmi edersiñ aýan,
Gorkýan derdim baryp ýeter ol ýara.

* * *

Men sähraly
Hem dagly
Ikisiniñem deñ ogly.
Bu dünýä inen çagym
Ýassyk bolupdyr dagym.
Sähra bilen gundaglap,
Ykbalymy şolara
Goýupdyrlae deñ baglap!

* * *

Meñ gözüme dür dänesi,
Gara dagyñ gara daşy.
Gelenleri penalap dur,
Gaýalaryñ galkan döşi.

Käkilikler käkeleýär,
Çeşmeleriñ gözbaşynda.
Söýgi kalbym çekeleýär,
Bir dagly gyzyñ gaşynda.

Men dagly, dagda doguldym,
Daglar arkam-diregimdir.
Gursagyma sygmasa-da,
Daglar kalbym — ýüregimdir.

Aşyrguly BAÝRYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle