|

Haýym belasy

Haýym belasy HAÝYM BELASY

Adam ataň Haýym atly dogmasy
Gardaşy Abylyň ganyna galan.
Şondan bärem adamzadyň başyndan
Sowulmandyr jenjel, talaň…

Haýymdan önen nebere
Biri ýere,
Biri zere,
Edipdir togap.
Gazanypdyr biri günä,
Birisi sogap…

Gylyç ýasap, galkan ýasap, ýaý ýasap,
Gyrypdyrlar bir-biregi.
Şäher gurup, şäherleri ýykanlar.
Bugdaýly meýdany otlap,

Bir-biregi diri otda ýakanlar.
Birewleri tozadypdyr ýurtlary,
Birewleri kowupdyrlar ýatlary.
Diýmezçe-de däl ekeni:
«Itiň gany damarynda adamyň“.

Şa tagtyna müneniň
Gören barmy çyn ýürekden gülenin.
Näçe beýik mertebeli bolsa-da,
Barybir ol pidasydyr ýalanyň.

Gan bilen gurlan döwletiň
Köp görüpdik çagşanyny.
Kim pir, kim şir, kimler tilki…
Belli bolar magşar güni.

Ýaşaýarka köňüllerde
Goh-galmagal, dawa-jenjel,
Asuda ýatan illeri,
Gaplap alar mydam zenzel.

Ata ogluny gözlär,
Ogul atany gözlär.
Ýat eline düşenler
Bozlap watany gözlär.

Munuň günäkärini
Gözlemeli Haýymdan.
Dowamat dowam gelýär,
Azgyn diýen haýyndan.

Jeň – ölmek, jeň – öldürmek,
Jeň – hesret, şer, gazapdyr.
Jeň birewe «iş“ bolsa,
Ol birewe güzapdyr.

Haýym salan ýolundan
Soňsuz kerwen geçendir.
Gardaşyna kast eden
Haýym döwri haçandyr?!

Millet döräp milletden,
Gidip otyr bu ýollar.
Habar berýär jennetden
Giden ýurt, agyr iller.

Ýöne barybir bu ýol
Gaýdan eken Haýymdan.
Haýyr iş az däl, ýöne,
Dünýä doly haýyndan.

Bu dünýäniň şeri kän,
Bu dünýäniň zeri kän.
Dünýäň dört böleginden
Üç bölegi garypdyr.
Bir bölegi pul mesi,
Ol saňa-da göripdir,
Ol maňa-da göripdir.
Dünýäniň bar baýlygy
Elindemiş şalygy.
Zere düzelýän bolsa,
Göwnetjekmiş Halygy.

Barka şeýle haýynlar,
Dünýäň gohy kesilmez.
Ýöne haýyr şer ýaly,
Şir görende peselmez,
Her görenne eselmez.

Haýyr – pälwan, haýyr – güýç,
Haýyr – akyl-egsilmez.

«Eziz zat ýok ojakdan,
Ojagyňdyr mesgeniň.
Çalyşmarsyň hiç zada,
Bolsa eger messebiň“…

Berjaý edip bilmedik,
Bu gün ata sargydyn.
Aramyzda tapyldy
Haýym, Hudaý gargadan.

Gitdi ata ojagy,
Bereketli saçagam.
«Adam bor!“ diýip, atamyz,
Ekläpdi şol «goçagam“.

Bir maşgala – baş gala,
«Ýokdur-diýme-ýykjagy“.
Galany tep-tekizläp,
«Ýok-diýme-kül dökjegi“.

Geçmese bu başyňdan,
Hiç kim muny geňlemez.
Seniň ýürek awuňy,
Dert – azaryň aňlamaz.

Gardaş – gardaşa bahyl,
Nokat goý indi şahyr!

Ýok, nokatdan ir entek,
Höküm sürýärke tentek.

Milýon-milýon bosgunyň
Ojak taşlap gaçýan wagty.
Milýonlaryň hasraty
Pul mesine «açýar bagty“.

Ýollar ýapyk,
Gözler gapyk,
Ýüzler çapyk,
Görüşeniň bili epik.
Köçede ýatany geçýärler depip.
Adam bary bir köpük…

Adamlaryň damarynda gany bardyr Haýymyň,
Şonuň üçin entek-entek döwri ötmez haýynyň.

Agzalalyk höküm edýän dünýäde,
Uruş, dawa-jenjel gidýär dünýäde.
Jeň hudaýa garşy çekilen ýaýdyr,
Şoň üçin adamyň kalbynda waýdyr!
Bize bu Haýymdan galan ýadygär,
Onuň munda Ganhor diýen ady bar.
Nähak gan dökeniň bolmaz messebi,
Günäň üçin çekmelisiň ezýeti.
Beýik taňry döredipdir şoň üçin,
Wagt diýen adalatly «gassaby“…

19-20.03.2016. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle