Haýwanlar düýşünde näme görýär?
Haýwanlar düýşünde näme görýär?

Haýwanlaram adamlar ýaly düýş görýän bolsa, düýşlerinde näme görýär, nirä gidýärler? It-pişikler, guşlar we beýleki janly-jandarlary ukudaka nädip öwrense bolar?
Düýş görüp-görmeýändiklerini haýwanlardan soramak mümkin dälem bolsa, geçirilen barlaglar olaryñam düýş görýändiklerine güwä geçýär.
Barlagçylar bu meseläni öwrenmek üçin iki ýola ýüz urýar. Birinjisi ukynyñ dürli tapgyrlarybda haýwanlaryñ fiziki çemeleşmelerini öwrenmek, ikinjisi bolsa ukudaka beýni işjeñlikleriniñ adam beýnisine çalymdaşlyk edip-etmeýändiklerine düşünmek.
Altmyşynjy ýyllarda ukynyñ REM tapgyrynda (çalt göz hereketlerini öz içine alýan sahypa) adamlaryñ täsin hereketler edýändigi anyklanypdy. Uky wagtynda bogunlar köplenç ysmaz bolandyr öýdülýändigi üçin, bu öräm täsin tapyndydy.
• Ukuda ylgaýan pişik
Barlagçylar haýwanlarda meñzeş ýagdaý döredip, nähili düýş görýändiklerini öwrenip biljekleriniñ pikirini etdi. 1965-nji ýylda fransuz alymy bir pişigiñ beýin sapyny asyl beýine baglaýan we waroli köprüsi (pons) diýilýän zolagy çykaranda, pişigiñ ukuda ysmaz bolma ýagdaýynyñ aradan aýrylýandygyny, onuñ ýöremäge we agressiwleşmäge başlandygyny gördi.
Bu ýagdaý pişikleriñ oýa ýagdaýdaka eden işjeñlikleriniñ düýşüni görýändikleri netijesine gelmäge sebäp boldy. Pişikleriñ ukudaka syçan awlaýan ýaly hereket edýändikleri, şeýle hereletleriñ itlerde-de gabat gelýändigi netijesine gelindi.
REM ukusy özüni alyp baryş hereketlerinde bozulma bolan käbir adamlarda bolsa düýşünde ýumruklama, urma, topulma, ylgama ýaly hereketleri janlandyrmaga synanyşýandygy, bularyñ hem-ä özlerine, hemem ýanlaryndaky adamlara zyýan ýetirip biljekdigi nygtalýardy.

• Düýşdäki labirint
Düýşleri añlamagyñ ýeke-täk ýoly adamlaryñ uklan wagtyndaky hereketlerini synlamak däl. Indi beýni öýjükleriniñ elektrik we himiki işjeñlikelrine-de seredip bolýar. 2007-njj ýylda Massaçusetsiñ Tehnologiýa institutynda (MIT) iki barlagçy bir syçanyñ beýnisinde hakydanyñ döreýändigini we kodlanan gipokampus zolagydnaky çäk öýjükleriniñ (neýronlar) ukudaka aktiw ýagdaýdadygyny anyklady. Mundan öñ syçanlar labirintde aýlanyp ýörkä-de birmeñzeş aktiwligiñ bardygyny görüpdiler.
Ukudaka hem birmeñzeş öýjükleriñ aktiw bolmagy syçanlaryñ düýşlerinde labirintde ylgaýandyklarynyñ görkezijisi saýyldy. Şeýle-de neýronlaryñ aktiwligi yzarlanyp syçanlaryñ düýşlerinde labirintiñ haýsy nokadynda bolandyklaryny görüp bolýardy.
• Ukudaka saýrama repetisiýasy
ABŞ-nyñ Çikago uniwersitetiniñ ylmy-barlagçylary bolsa, zebra spinozlarynyñ beýnisini öwrenenlerinde meñzeş zatlaryñ üstünden bardylar bu guar saýrama mukamlatyny soñundan öwrenýär. Oýaka saýranda çykarýan notalaryna görä beýniniñ ýokarky gatlaklaryndaky öýjükler belli elektrik akymlaryny döredýär. Ylmy-barlagçylar bu akymlara seredip, haýsy notanyñ çykandygyny anyklap bilýärler.
Soñabaka birmeñzeş funksiýalar guşlar ukudaka edilende beýnidäki elektrik işjeñligiñ başly-barat däldigi görüldi. Spinozlaryñ beýnisindäki elektrik akymlar oýaka çykarýan notalarynyñ birmeñzeşini gaýtalaýar, hamana olar aýdymlarynyñ prowasyny edýän ýalydy.
• Düýşmi, hakykatmy?
Pişikleriñ, syçanlaryñ we guşlaryñ beýnisindäki bu işjeñlikleri düýş hökmünde atlandyryp boljakdygy ýa-da däldigi jedelli gürrüñ. Adamlaram ukudaka düýş görendiklerini bilmeýär, emma oýananda munyñ parhyny bilýär. Birmeñzeş ýagdaý bu haýwanlar üçinem şeýledigini ýa-da däldigini bilemzok.
Şol bir ýagdaýda real dünýä bilen düýşi aýyl-saýyl edil bilýändiklerini ýada bilmeýändiklerini-de bilemzok. Emma adam düýşümiñ psihologiki we özüni alyp baryş aýratynlyklarynyñ haýwanlarda-da gabat gelýändiklerini anyk aýdyp bileris.
Jeýson GOLDMAN.
«BBC Future», 24.05.2015 ý. Geň-taňsy wakalar