|

Haýanyñ heýkeli

Haýanyñ heýkeli HAÝANYÑ HEÝKELI

Utanç-haýa urlup goýlan gulplary
Gereg-u-bigerek açdy aýanlyk.
Ýumry ýerlerini güjeñläp, öñe
Geçdi aýallyk.

Aýallygyñ sungatdygy unduldy,
Undully aýallyk hakdaky sowat.
Howene döwrüniñ ýalañaçlygy
Aýanlykdan bize berlen bir sowgat.

Açmak gerekmidi açmasyz gulpy,
Etmek gerekmidi şeýle sowgady?!
Pynhanlyk galmady aýal jynsynda,
Wagşy höwes örjäp,
Söýgi sowady.

Aýallardan
Höweslisi kän eken
Bat bermäge göwse hem-de guýruga,
Eşik bilen bile zyñyldy ejap,
Garaşyp ýörlen deý şeýle buýruga.

Häzir heýkel ýykmak däp bolup barýar,
Aýanlyk ýykdyrdy heýkelin haýañ.
Ýamaşgandan
Beýle beýik heýkeli
Dikeltmegiñ iññän kyn düşjekdigi
Aýan!

Hemra ŞIR. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle