Hawadar-aýt… / ýumoreska
Hawadar-aýt… / ýumoreska

Nemedär-aýt, şu ýyl, menem onunjy klasy gutarýandar-aýt. Deň-duşlarymyň köpüsi ýokary okuwa girýädar-aý. Gitseler gidibersinler-laý. Men bilýän-dä, barybir, giribilmeýärlerdar-aýt. Öwwe daga hiç zadam bilenokdar-aý. Ol baryp ýatan çöňňedär-aýt…
Ýene Aga-da gidýär ekeni. Ol “Tanşymyz bar” diýýädär-aý welin, nätse-de ş, giribilmezdär-aýt. Oňa beletdär-aýt…
Men-ä okuwa girjek bolmadymdar-aýt. Girsemem, okap bilmezmikäm diýýändär-aýt. Meniň üçin iň gowusy kakamyň aýdany bilen bolubermekdär-aý. Ol “Maşyny seň adyňa geçirmeli, sürüber onsoň” diýýädar-aý. Maşynyň bolsa keýpdär-aý. Üstesine, çaý pulam gazanyp bolýadar-aýt. Deň-duşlarymam nätse şony etsinler-laý. Bize şu-da kemje-kerdem däldär-aýt… hawadar-aýt… Bolýadar-aýt…
Aýdogdy ABDYLLAÝEW.
“Edebiýat we sungat” gazeti, awgust 1979 ý. Satiriki hekaýalar