| |

«Hawa! Tamam boldy, gutardy bary…»

"Hawa! Tamam boldy, gutardy bary…" «HAWA! TAMAM BOLDY, GUTARDY BARY…»

Hawa! Tamam boldy, gutardy bary.
Men baky unutdym eziz topragy.
Indi meň depämde kakmaz-la tary
Derekleriň altyn şelpe ýapragy.

Garry itim ölüp gitdi gör, kanda,
Pessejik jaýymam çöküpdir gaýym.
Meni Moskwanyň dar köçesinde
Şum ajala buýran eken Hudaýym.

Şonda-da söýgi kän bu ýerde mende,
Goý, ol köne bolsun, goý, bolsun harap.
Onuň gyzyl täçli gümmezlerinde
Göýä altyn Aziýa ýatyr meýmiräp.

Gije asman Aýy bakanda gülüp,
Wah, kim habar alýar onuň halyndan.
Men gidip barýaryn başymy salyp,
Tanyş meýhanama, tanyş ýolumdan.

Ol näletli ketek — mesgen köplere,
Tä daňa çen dowam edýär güpürdi.
Goşgy okap berýän men jeleplere,
Hem banditler bilen urýan spirdi.

Ýürek bolsa bökýär, gaçýar mejaly,
Başlaýan ýerliksiz sözler aýtmaga:
«Menem bir gutaran edil siz ýaly,
Indi ýol ýok maňa yza gaýtmaga.»

Garry itim ölüp gitdi, gör, kanda,
Pessejik jaýymam çöküpdir gaýym…
Meni Moskwanyň dar köçesinde
Şum ajala buýran eken Hudaýym.

Sergeý ÝESENIN.

Terjime eden: Nury BAÝRAMOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle