|

Hawa, men ruslaşýan!

Hawa, men ruslaşýan! Annaberdi AGABAÝEW

▶ HAWA, MEN RUSLAŞÝAN!

Käbir daşary ýurtly «howandarlarymyz» Sowet Türkmenistanynda «Zorluk bilen ruslaşdyrma prosesi geçirilýär» diýip ýañraýarlar.

Wolgañ ýaşyl kenarynda oturyp,
Lebabymyñ gülälegin ýatlaýan,
Ganatymda Badhyz ýelin göterip,
Altaýlardan, Urallardan ätleýän.
Bendi bolýan berýozalañ boýuna
Hem rýabinañ güýzde gülgün toýuna,
Köñül berýän Alýonuşkañ özüne,
Požarskidir Minin bilen dostlaşýan,
Newskiniñ, Raziniñ çatmasna düşýän…
Şeýdip birden ummanynda şol küýleñ
Men-ä, walla, özüm duýman ruslaşýan.

Kitap açýan. Sökýän Sibir ýollaryn,
Dakynýan bendileñ şol gandallaryn,
Dekabristler bilen garlardan süýşýän…
Gadym «Sw.Nikolaýa» münýän-de,
Ýeniseýden ýüzüp, Şuşenskä aşýan.
Gürzelek sakgally daýhanlar bilen
Diñleýän
Petrograd ilinden gelen
Ulýanowyñ pessaýdan pert sesini,
Ýüregime siñdirýän, beýnä gaplaýan
Täze partiýanyñ programmasyny
Diñleýän-de
ýoksul üçin, gul üçin,
Iñ beýik göreşiñ gaýnagna düşýän, ~
Merdemleşýän,
Berdaşlaşýan,
Çuslaşýan,
Şol barmana gitdigiçe ruslaşýan!

Al-gyrmyzy bant dakynyp döşüme,
Barýan Klim marşalymyñ gaşyna,
Gyrat münüp, bile gylyjym syrýan,
Be6ik geljek üçin söweşe girýän…

Gurýan Wolhowstroýy hem Magnitkany,
Belomor kanalyn, Turksib ýoluny,
Şahtalara girýän,
Domnalar gurýan,
Alýan Stahanowdan täze tälimi…

Ine-de uçýan-da Pokryşkin bilen
Talalihin bolup topulýan ýaga,
Ok geçmejek daşa dönýär gursagym
Zoýany doñduran doñakdan ýaña…

Hawa, herne ýeñişlere baş bolup,
Çekýän, hanha, tarp ýerlerden çili men!
Derýalar daşanda döşümi gerip,
Baglaýaryn saña gelýän sili men!..

…Bu gün bolsa Gagariniñ ýanynda
Oturýan-da,
arşdan zemine garýan…
Men-ä, walla, şeýdip näçe ruslaşsam,
Şonça türkmen bolup beýgelip barýan!..

1981. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи