Hatarly hadysa (Hekaýa)

Hatarly hadysa (Hekaýa)

Dora Alonso,
kubaly ýazyjy

Gilýe bilen onuň täze tanşy daňyň ümüş-tamşynda ýöräp barýardy. Töweregi ümür gaplap alypdy. Olaryň depesinde, asuda asmanda Daň ýyldyzy görünýärdi, täze dogan Aý hem ýuwaşlyk bilen ýaşyp barýardy.

Ösgün otlara düşen agşam çygy balykçynyň ýalaňaç aýaklaryna seçelenýärdi, ýöne onuň gatap, galňan dabany ne çygly sowugy, ne-de gyýçak-gyýçak daşjagazlaryň yzasyny duýýardy.

Olar uly ýoly kesip geçdiler-de, gür ösen haşal otlaryň içi bilen egrem-bugram bolup gidýän ýodajykdan ýöräp, deňze çykdylar.

Gyýçak gaýaly kenar göründi. Ýöne balykçy bu ýerdenem aýaklaryna çümýän gyýçak daşlaryň agyrysyny duýmaýan ýaly dogumly ýöräp barýardy. Oglanjyk bolsa häli-şindi büdräp, ýykylaýjak-ýykylaýjak bolýardy. Balykçy gujurly gollary bilen onuň golundan tutup şeýle diýdi:

― Doglanym bäri gyýçak daşlaryň üstünden aýakýalaňaç ýöreýändir öýdýäňmi? Tutuş ömrümi mätäçlikde geçirip, çagalygymdan işläp başladym, ynha, şoň üçinem aýaklarym şuň ýaly. Ýaňy-ýaňylaram balykçylaň güni edil itiň güni ýalydy ahyryn.

— Huan, siz şu ýerde doguldyňyzmy?

— Hawa, şu ýerde. Kakamam, atamam balykçydylar. Olar janyny howp astyna salyp işlärdiler, awlanan balyklar bolsa gäminiň eýesiniň ýa-da alypsatarlaryň eline düşýädi.

— Siz näwagtdan bäri işleýärsiňiz? Mekdebe gatnaýan wagtlaryňyzdan bärimi?

Balykçy güldi:

— Mekdep? O nähili mekdep? Biziň jelegaýlarymyzda ol görlüp-eşidilen zat däldi. Men ne harplaryň, ne-de sanlaryň tapawudyny bilýärdim. Maşgalamyň hemmesem şeýledi.

Gilýeniň balykça ýüregi awady, ol gama batyp, ýüzüni aşak saldy. Muny gören balykçy şeýle diýdi:

— Ýöne, men häzirem şo-ol öňki ýaly bisowatdyr öýdäýmegin. Häzir okabam, ýazybam bilýän, sebäbi bizde sowatsyzlyga garşy göreş alnyp barlanda bize, ynha, edil seň ýaly oglanjygy iberdiler. Ol hem tä meň özüm hat ýazmagy başarýançam, maňa ynjalyk bermedi.

Gilýeniň ýüzi ýagtylyp gitdi.

Ol säginip, balykça esetdi-de, buýsanç bilen diline gelenini aýdyp goýberdi:

— Menem sowatsyzlyga garşy göreşipdim! Daglyk ýerlerde! Alty sany daýhana okap-ýazmagy öwredipdim!

Balykçy ýylgyryp durşuna, agyr zähmetden ýaňa gatap giden mähnet elini uzadyp, oglanyň elini berk gysdy.

— Berekella, dost! Seni gören badyma göwnümiň ýetendigi ýönelige däl eken.

Hä diýmän balykçydyr oglan ýonulmadyk tagtalardan gurlan, köne gämi duralgasyna baryp ýetdiler. Kenaryň gyrasynda ullakan motorly gaýyk birsydyrgyn çaýkanyp durdy. Olar gaýyga münensoň, balykçy motory otlady. Ilkibada olar Balykçylyk kooperatiwiniň dolandyryş edarasyna bardylar: Huan açyk deňze çykmakçydygyny aýtmalydy. Onuň bu haýyşy hä diýmän bitirildi. Huan we onuň ýaş kömekçisi wagt ýitirmän, kenardan daşlaşdylar.

Motorly gaýyk häli-şindi reňkini üýtgedip duran suwuň tolkunlaryndan tolkunlaryna böküp, öňe okdurylyp barýardy: eger suwuň düýbi çägesöw bolsa suw açyk ýaşyl reňklidi; eger suwuň astynda suw otlary bar bolsa, onda deňiz gara ýakyn, goýy gök reňke boýalýardy; deňziň has çuň ýerlerinde bolsa suw gara gök reňke beslenýärdi.

Balykçy ýoldaşyna seredip, şeýle diýdi:

— Sebedi ýokaryk galdyrmankak, ýalpaklygyň gyrasyndan bir aýlaw edäýsek nädýä? Şo ýerlerde, belkem, gylyç balyk bardyr? Olar ýaly äpet balyklar gözläniňe degýändir. Ynha, görersiň, ýüz kilogramlyk nägehanyň guş deýin howada uçuşyny.

Bu teklibiň Gilýeniň tüýs islegine görä bolandygyny-ha aýdyp oturasy işem ýok. Huan gaýygy açyk deňziň giňişliklerine tarap gönükdirdi.

Balykçy:

— Gylyç balyk çeňňegi ýuwudanda, ol diýseň howpludyr, ana şonda ahmal bolma! — diýdi.

Olar bir sagada golaý gitdiler. Suw bireýýämden bäri gara gök bolup ýatyrdy.

— Indi deňziň düýbüne çenli ýetmiş bäş metr. Şu ýerden iki ýüz elli metr çuňlukda gylyç balyk ýaşaýar.

Balykçy suwuň astynda nämeleriň bolup geçýänini gören ýaly ynamly gürleýärdi.

— Labyr taşlarysmy? — diýip, Gilýe sorady.

— Ýok, bu ýerleri gaty çuň. Biz diňe motory öçüreris. Soňra bolsa enjamlary häzirläp, saňa soň hiç bir kişi gylyç-balygyň nähili tutulýandygyny bileňok ekeniň diýmez ýaly näme etmelidigini görkezerin.

Balykçy iki sany inçejik çeňňek taýagyny hem-de suwda görünmez ýaly iki sany goçak açyk ýaşyl we dury neýlon ýumagy eline aldy. Her ýumagyň ujuna balykçy daňşyny edip, ullakan çeňňek hemem çeňňegi suwuň çuň ýerine äkider ýaly we balyklaryň aw awlamaýan ýerine, suwuň ýüzüne çykmaz ýaly tegelek gurşun çümdürgiç berkitdi. Çeňňegiň ujuna pikua balygynyň guýruklaryny hem-de birnäçe sardina balygyny dakyp durşuna ol şeýle diýip düşündirdi:

Çeňňegiň ujuna dakylan awyň suwda, hamala, janly ýaly hereket edýär. Şoň üçinem gylyç balyk ony garbap alýar.

— Oň ony iýenini nädip bilip bolýa?

— Ynha, özüňem görersiň, çeňňek taýaklary epilip, ony bize görkezer.

— Gylyç balyk garşylyk görkezermi?

— Ol barypýatan melgundyr! — diýip, balykçy jogap gaýtardy. — Çeňňege düşeni bilen onuň haýy gaçaýanok. Ine, şonuň ýaly ýagdaýda ondan gözüňi aýraýmagyn. Bu gaty howply işdir. Özüň oýlanyp gör-dä, eger ýüz kilogramlyk äpet balyk gaýygy itekläp ýa-da suwdan zompa çykyp, öz çüňki bilen saňa topulýandygyny göz öňüne getirip gör. Ol uzyn hem hanjar ýaly ýiti. Ol hanjaryny arkaýyn adamyň içinden geçirip bilýär.

Oglanyň ini tikenekläp gitdi. Ýöne ol gorkusyny basyp ýatyrdy, gorkmajakdygy hakda öz ýanyndan äht etdi.

Onýança balykçy çeňňek taýaklaryny, neýlon ýüpüň ýumaklaryny hem çümdürgiji bir ýanda goýup, agaç tokmak kimin, bir bölek gaty, agyr agajy taýynlap goýdy.

Balykçy:

— Bilip bolmaz! Äpet balygy goruma çykaryp bilsek, kellesine şuň bilen bir-iki ýola patyladarys welin, bolar duruberer — diýdi.

Ol birneme aýak üstüne galyp, iki çeňňegini hem gaty çuň ýere gitmez ýaly edip, deňze oklady. Soňra dikelip, uçlary ýokarda somalyp durar ýaly edip, çeňňek taýaklaryny gaýygyň gorumyna berkitdi.

— Ynha, indi gylyç balyk çeňňegiň ujundakyny ýuwudar welin, ýüp dartylyp, çeňňek taýaklaram ýaý berip, suwa çenli epiler. Häzirlikçe bolsa biz arkaýyn gürleşip bileris. Saňa biziň deňizlerimizde haýsy balyklaryň bardygy hakda gürrüň bereýinmi?

Balykçy Gilýeniň öňünde, heniz asla mälim bolmadyk gyzykly deňiz ylmyny açyp, oňa kän gürrüň berdi. Ol gylyç-balygyň dürli görnüşleriniň bir-birinden nähili tapawutlanýandygy, olary nähili usul bilen tutup bolýandygy hakda gürrüň berdi; soňra kubaly balykçylaryň ýaşaýyşlary, özgerişlikler döwründen soň deňiz mekdebiniň döredilişi, balyk tutmak üçin dogduk adasynyň kenarlaryndan has uzaklara gidýän ýaş balykçylar hakda gürrüň berdi. Şonsuz-da gök deňziň köpürjikli tolkunlarynyň ortasynda, açyk asmanyň astynda gaýykda çaýkanyp oturmak ýakymlydy…

Gürrüňe kelleleri gyzan balykçydyr Gilýe çeňňek taýaklarynyň biriniň birbada ýaý berip, ujunyň suwa degeninem görmändirler. Ýöne, ynha, birden balykçynyň oňa gözi düşdi-de, zöwwe ýerinden galyp gygyrdy:

— Tur ýeriňden, seret, gylyç balyk!

Gilýeniň elhenç balygyň deňizden çykyp, edil iri kaliberli snarýad ýaly howadan süýnüp barýanyny görmän, nirededir başga bir ýerde bolasy geldi, ýöne onuň bu duýgusy dessine ornuny başga duýgy bilen çalyşdy: ol öz gorkusyny ýeňmeli, belli balykçy hem dogumly Huan Kinkonta mynasyp, wepaly dostdugyny subut etmeli. Ol dodaklarynyň titremesini köşeşdirmek üçin dişlerini berk gysyp, balykça tarap okduryldy. Diňe «Gymyldaýma» diýen gysgajyk, pert buýruk — ony togtatdy. Ol buýruga boýun synyp, balykçynyň dykgatly ýüzünden gözüni aýyrman durşuna, sessiz-üýnsüz doňup galdy: ol häzir adam bilen deňiz nägehanynyň arasynda ýa ölmeli, ýa almaly diýen tutluşygyň başlajakdygyna düşündi.

Balykçy üýtgeşik çakganlyk bilen ýüpi çeňňegiň taýagyndan çözüp aýyrdy-da, ony iki eli bilen pugta tutdy. Ol aýaklaryny giňden açyp, ornaşykly hem mäkäm durdy-da, ýüpli ellerini gaýygyň düýbüne çenli aşak sallap, eglip, soňra çeňňek balygyň agzyna girer ýaly, olary bat bilen ýokaryk galdyrdy. Soňra assa-assadan, ýöne üznüksiz, metr yzyna metr ýüpi çekip başlady, ýüp edil polat sim kimin dartyldy. Balykçynyň gabarçakly dabanlary edil gäminiň düýbüne sanjylan ýalydy. Balykçynyň güne gaýzygan derisiniň astyndaky beden eti çykyn-çykyn bolup durşuna, ýüzi hem döşi derçigipdi.

Ol arasyny kesip dem alyp durşuna gygyryp goýberdi:

— Ahmal bolaýma! Häzir hilegär janawar ýokary çykmaga çykalga gözlär. Ýüpden gözüňi aýyrma!

Gilýe dartylan ýüpüň keseligine diýen ýaly garamtyl suwuň içine uzap gidýändigini gördi. Balykçy agyrydan we gazapdan ýaňa dälirän deňiz ýyrtyjysynyň nirelerde urnup ýörenini bilmek üçin oňa ynjalyksyz nazary bilen esedýärdi. Minutlar edil tükeniksiz ýalydy. Birdenkä, garaşylmadyk ýerden gaýykdan ýigrimi metr çemesi aralykda suw köpürjikläp, gylyç balyk göründi.

Balykçy:

— Anha, şol! Seresap bol! — diýip gygyrdy.

Balyk suwdan atylyp çykdy-da, göýä, ullakan peýkam ýaly ep-esli aralygy uçup geçdi. Onuň ýokarky äňi uzyn gylyçly göwresi aşaklygyna ýaý berdi-de, suwa süsňäp girip, çuňluklara çümüp gitdi.

Gilýeniň demi tutuldy. Ol sandyraýardy.

Balykçy ýyrtyjy balyk bilen ýüpi kä çekip, käte-de gowşadyp her bir hereketini ýagdaýa görä hasap bilen amal edýärdi. Rehimsiz tutluşyk minutsaýyn barha gazaply häsiýete eýe bolýardy. Ynha, birden dartgynly dymyşlyk mahaly ýene-de balykçynyň sesi eşidildi:

— Gilýe, seresap bol!

Indi gylyç balyk ýene-de suwdan çykdy — bu sapar has ýakyndan. Onuň çalymtyk polat reňkli böwri säher güneşine ýaldyraýardy. Ikinji böküş. Bularyň bary bir pursatda bolup geçdi. Ol edil torpeda ýaly okdurylyp gaýyga topulýardy.

Gilýe:

— Huan, habardar bol! — diýip gygyrdy.

Äpet balyk balykça tarap edil topuň oky ýaly uçup barýardy.

Gilýe oýurganyp durman, näme edýänine-de düşünmän diýen ýaly öňe okdurylyp, deňiz nägehany bilen balykçynyň arasynda peýda boldy…

Bu pursadyň nähili bolup geçendigini olar hiç haçan ýadyndan çykarmazlar: göz açyp-ýumasy salymda mähnet balyk oglanyň bedeni bilen galtaşyp gitdi-de, ony deňze zyňyp goýberdi. Ýöne bu garaşylmadyk päsgelçilikli çaknyşyk atylyp çykan balygyň ugruny üýtgetdi. Ol öz ýiti gylyjyny Huan Kinkonteniň içinden parran geçirmegiň deregine, diňe gorumyň galyň tagtasyna degip, şarpyldap suwa gaçdy.

Aljyraňňylyga düşen balykçy şo pille özüne geldi-de, howsala bilen gorumdan aşak eglip, öz halasgärini gözledi. Suw köpürjikledi, Gilýe zompa suwuň ýüzüne çykdy-da, gaýyga tarap çalt-çalt ýüzüp barşyna balykça gygyrdy:

— Hemme zat gül ýaly! Men gowy ýüzýän!

Balykçy oglanjyga goruma çykmaga tekge berdi-de, şobada ony minnetdarlyk bilen bagryna basdy.

— Körpe, sen meni halas etdiň! Berekella! Eger sen bolmadyk bolsaň, ol meň içimden parran geçerdi. Sen, gör-ä, oň nähili äpetdigini!

Onuň bu sözlerini eşiden Gilýeniň buýsançdan hem şatlykdan kalbyna ýakymly rahatlyk aralaşdy. Ol ýap-ýaňy suwdan çykyp, üst-başynyň şalpy-şaraň bolup durandygyna hem üns bermän, tokmagy garbap aldy-da ony balykça uzatdy, ol hem gorumyň aňyrsynda urnup duran balygyň ýanyna baryp, birnäçe urgy bilen onuň janyny aldy. Soňra ony gaňyrçaga ildirdi-de, süýräp gorumyň üstüne çykardy.

Ol oglana:

— Şuňa oňatja seret — diýdi. — Biz seň bilen uly iş bitirdik. Gylyç balyk çeňňegi ýuwudyp, suwdan towsup çykan mahaly onuň garşysyna çykmaga töwekgellik edip biläýjek adam o diýen kän däldir. Eger-de ol seni böwri bilen däl-de, tumşugy bilen kakan bolsa, onda bu hakda pikir etmek hem elhenç bolardy.

— Sizi halas etjek boldum. Şonuň üçinem şeýtdim — diýip, oglan sadadan düşnükli gürledi. — Dostlar bir-birine kömek etmeli ahyryn.

Balykçy onuň ýüzüne bakyp, şeýle diýdi:

— Ine, şuň özi gaty möhüm zat, oglum. Öz janyny gutarmak üçin adam elinden gelenini eder; emma başga bir kişini halas etmeli bolsa welin, her kes öz janyny orta goýmaga het edip bilmez — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi: — Seň ýaly oglanlardan gowy adamlar kemala gelýär.

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle