Hat ýaz maña
Hat ýaz maña
Sen maňa şeýle bir hat ýaz, ezizim,
Özüň üçin oňaýlyja wagt tap-da.
Keşde kimin ak kagyzy nagyşla,
Wepaň hakda, söýgiň hakda, bagt hakda.
Sen maňa şeýle bir hat ýaz, ezizim,
Didelerim didaryňy ogşasyn.
Uzak ýolda nazarymy aýlasam,
Gaýrat berjek, süňňüm bilen gowşasam.
Sen maňa şeýle bir hat ýaz, ezizim,
Ýer almajak solup giden depderde,
Ykbalyň ýazgydy süňňüme ýetip,
Egbarlamda, bolup biljek dep derde.
Sen maňa şeýle bir hat ýaz, ezizim,
Kasam boljak hak aşyklaň yşkynda,
Gijäň ümsümligin tutunyp arka
Penjireden jyklan Aý yşygynda.
Sen maňa şeýle bir hat ýaz, ezizim,
Buza dönen duýgularmy eretjek,
Arşda süýdün döküp giden Akmaýaň
Ýoly ýaly ýüregimde ýer etjek.
Sen maňa şeýle bir hat ýaz, ezizim,
Yşkymyzyň kalba guýan namasyn,
Kepil bolup bagtymyzyň şanyna
Gorap biljek söýgimiziň namysyn.
Sen maňa şeýle bir hat ýaz, ezizim,
Halas etjek şum rakyplaň derdinden.
Doga kimin asaýyn men ýakamdan
Söýgimizi gorar ýaly göz-dilden.
Muhammet BEKGIÝEW. Goşgular