Hat gatnadýan kepderi
Hat gatnadýan kepderi
Eşidipdim köne ertekilerde,
Dyrnak bilen dagy-daşy ýumuran,
Dişi bilen gyzgyn demri gemiren,
Pälwanlara meniň akylym haýran.
Ýöne weli hat gatnadýan kepderi,
Maňa has eziz.
Kepderiler gatnadypdyr hatlary,
Ýakyn edip ýatlary,
Dönüp ýellere,
Ilden – illere.
“Ýatla meni, eger ýüregiň gyssa…”
Diýen sözi gulagymda ýaňlandy.
Gönderdim men goja ýaşda salamym.
Kepderi boş geldi, gözünde gussa.
Unudypdyr o gyz meni, ähtimal,
O sözleri äkidenmiş,
Özi bilen ýel, şemal.
Barybir ol näzenin,
Göz öňümde elmydam…
Allaýar ÇÜRIÝEW. Goşgular