Häsiýetnama / intermediýa
Häsiýetnama / intermediýa
— Meret Muhyýewiç, maña häsiýetnama gerek welin…
— Näme, ýene-de öýlenjek bolýañmy, ýa okuwa zada giräýsem diýip hyýallanýañmy?
— Ýok-laý, neme üçin gerek…
— Turist bolup gitjek bolýañmy, daşary ýurda. Başlygyñam gözden salmagyn how, iki eliñi burnuña sokup geläýmegin.
— Başlyk, harakteristka maña başga zat üçin gerek.
— Hany, bar, başymy agyrtma-da, ýaz-da getir. Gol çekip peçat basyp bereýin.
— Özüm özüme ýazaýynmy?!
— Dagy näme, özüñi özüñden gowy bilýän adam barmy?
— (Jübüsinden kagyz çykaryp uzadýar). Ynha, Meret Muhyýewiç, men-ä şeýleräk ýazaýjak.
— (Okap ör-gökden gelýär). Ah-ow, muny nädäýipsiñ?! Aç-açanlyk döwri bolany bilen muny beýdäýmek bolmaz ahyry.
— Hä, nädipdirin?
— (Okaýar)… Işe köplenç içgili ýagdaýda gelýär, goh-galmagal turuzýar, kollektiwde çigidiñ gabygy ýalam abraýy ýok…
Ýok men beýle zada gol çekip bilmen.
— Başlyk, men henizen huşa getirjä düşenimi aýtmadym. Gaýrat ediñ!
— Ýok, ýok, ýalbarybam oturma, bu zatlary görkezsek, taýagyñ beýleki ujy gelip maña deger. Dur, dur, muña dagy sered-ä! (okaýar) …Gaçgyny jemgyýetçilik işi, bir ýumuş tabşyrsañ, on gezek ýatlatmaly… Sen näme, dälirediñm-ow?!
— Başlyk jan, haýyş edýän, şu durşunajyk gol çekip beräýiñ, hä.
— Bolmaz diýdim, bolmaz!
— Aklygyñ-a ýetireýin, başlyk.
— Ah-ow, bi häsiýetnama saña haýsy edara üçin gerek.
— Woennikomadal-aý.
— Ah, häliden şeý diýip düşnüklije aýt-da. Bar, maşynkada ýazdyryp gel, gol çekip bererin. (Ol gidýär, yzyndan) Eý, Sapbyýew, ýañky aklyk diýýäniñi unudaýmagyn-how!
Täçmämmet JÜRDEKOW. Satiriki hekaýalar