|

Hasarly gojanyñ monology

Hasarly gojanyñ monology HASARLY GOJANYÑ MONOLOGY

Gunduz ýaly agarypdyr bu başlar,
Hasarymyñ gar bürenen başy dek.
Mañlaýdaky gasynlaram köpelip,
Gözem görüşinden nalaýar bir çak.

Günler bolsa şol geçip dur ýadaman,
Ýada salyp toýly-ýasly müñ sesin.
Emma göwün eýgerdenok henizem,
Şol ekip ýör ekip ýören «bolsasyn».

Annameret DURDYMÄMMEDOW.

«Zähmetkeşler sesi» gazeti, 23.09.1978 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle