Harri MARTINSON — Nobel baýragy: 1974

Harri MARTINSON,
şwed ýazyjysy
(1904-1978)
Edebiýat boýunça
Nobel baýragy: 1974
Harri Martinson 1904-nji ýylda Şwesiýanyň günortasyndaky Ýemshýogda dogulýar. Onuň alty ýaşy dolanda kakasy aradan çykýar. Harri ybadathananyň garamagyna alynýar we on ýyllap gezekli-gezegine birnäçe daýhan maşgalasyn-da ýaşamaly bolýar. Ol on alty ýaşynda bu ser-sepil ýaşaýşyndan gaçyp, deňizde ýüzýän gämileriň birinde ýunga bolýar. Şeýlelik bilen onuň Nobel baýragyna eýe bolmagy mynasybetli ýazylan makalalaryň birinde bellenilişi ýaly, «şwed edebiýatyndaky deňi-taýy bolmadyk odisseýasy» başlanýar. Bu odisseýa dünýäniň dört bölegini we ýedi deňzini öz içine alýar.
Martinsonyň ilkinji eseri bolan goşgular ýygyndysy «Ganatly Golland» ady bilen çap bolýar. Onuň indiki eserleri şygyr antologiýasy görnüşinde çap edilen «Ýaş bäşler» kitabynda neşir bolýar. Kitapda bäş sany ýaş şahyryň goşgulary berilýär. Ýygyndy tankytçylaryň ýiti tankytlaryna sezewar bolýar. kitapda şygyrlary berlen awtorlaryň biri Gustaw Sandgren soňra ýatlamalarynyň birinde bu ýygyndy hakynda şeýle ýazýar: «Ýaş bäşler» ýygyndysy gören badyňa aňk edýärdi. Kitabyň daşyndaky ýazgylar tertipsiz hem gyşyk, özi-de kiçi harplar bilen başlanýardy. Kitabyň içini görenlerinde-hä tankytçylar hasam ör-gökden gelýärdiler. Ol uludan-kiçä hemmeleriň tankytlaýan kitabyna öwrüldi. «Ýaş bäşler» «gödekdiler», «utançsyzdylar», «awulydylar», «edepsizdiler», «ynsapsyzdylar»… Ýöne şondan soňra köp şahyrlar eýýäm öňki nepis rifmaly şygyrlaryna dolanyp baryp bilmeýär. Şunlukda bir eýýam soňlanýar. Şwed şygyrýetini ädimme-ädim häzirki ýagdaýyna ýetiren täze döwür başlanýar.
Ine, şol «täze şygryýeti» döredijileriň biri hem Harri Martinson bolýar. Emma heniz onuň tankyt ýüki ýeňlemeýär. Ony aýratyn hem «Ergo Fosforos» gazeti yzygiderli tankytlaýar. Ýöne şol bir wagtda dostlar, pikirdeşler hem peýda bolýar. Olaryň hatarynda Karin Boýe, Swen Stolpe, Eýwind Ýunson ýaly belli adamlar hem bardy. Onuň «Gezende» atly indiki goşgular ýygyndysy, eýýäm metbugatda hem gowy seslenmeler tapýar.
Ýöne Martinson diňe deňizde başdan geçirenleri hakynda gürrüň berýän «Maksatsyz syýahat» (1932) we «Kap, hoş gal» (1933) atly kitaplary çap bolandan soňra ýazyjy hökmünde doly ykrar edilýär. Ýazyjynyň eserleri iňlis we beýleki dillere terjime edilýär. Ýazyjy uly meşhurlyga eýe bolýar.
Deňiz hakynda söhbet edýän eserlerinden soňra ýazyjynyň öz ömri hakynda beýan edýän «Krapiwa gülleýär» (1935), «Ömür ýoly» (1936) romanlary neşir edilýär.
«Passat» (1945) atly goşgular ýygyndysy ýazyjynyň «gussaly döwri» diýlip atlandyrylýan döwrüň başyny başlaýan eseri bolup durýar. «Çyrlawuk» (1953), «Tulanyň otlary» (1958), «Paýtun» (1960) goşgular ýygyndysy, şeýle hem «Aniara» poemasy-da şol döwre degişli eserler bolup durýar. Ýazyjynyň bu döwürde ýazan eserleri, esasan, adamzadyň ýadro ýaragyndan we beýleki umumy howp-hatardan ägä bolmagy hakynda duýduryş äheňine eýedir.
Martinson dramaturgiýada hem özüni synap görýär. Onuň «Weý ýurdundan getirilen üç pyçak» (1964) pýesasyny belli şwed režissýory Ingmar Bergman sahnalaşdyrýar.
Şwed edebiýatynyň taryhçysy Alrik Gustafsonyň sözlerine görä, Harri Martinson XX asyr şwed edebiýatynyň şygyr diliniň iň beýik reformatorlarynyň biri bolýar.
Ömrüniň ahyrky ýyllarynda Harri Martinson hiç bir eserini neşir etdirmeýär. Emma aradan çykandan soňra onuň yzynda öň çap bolmadyk ep-esli goşgusy galýar. Ýazyjynyň edebi mirasynyň esasynda çap edilen ilkinji eser «Ýaňyň ýodasy bilen» kitaby bolýar. Kitabyň esasy özenini tebigat görnüşlerini beýan edýän eserler düzýär.
Harri Martinsonyň döredijilik hyzmatlary ençeme baýraga mynasyp bolýar. Olaryň iň esasysy hem ýazyjynyň 1974-nji ýylda «gyraw damjasyndan tä älem giňişliklerine çenli ähli zady öz içine alýan döredijiligi üçin» mynasyp bolan Nobel baýragy bolýar. Ýazyjy bu baýragy öz watandaşy Eýwind Ýunson bilen paýlaşýar.
Harri Martinson 1978-nji ýylyň 11-nji fewralynda Stokgolm şäherinde aradan çykýar.
