| |

Harçañlaşmany başarmaly / intermediýa

Harçañlaşmany başarmaly / intermediýa

HARÇAÑLAŞMANY BAŞARMALY

— Bagyşlañ, şu ýeri kadrlar bölümimi?
— Hawa, şu ýer-ä kadrlar bölümi. Näme etsem-petsemiñ bar?!
— Işe ýerleşäýsem diýýän.
— Bilimiñ.
— Ýokary, özem gurluşyk ugrundan.
— O-ho-how. Öz-ä tüýs bize gerek adam ekeniñ.
— Menem size işgär gerekmiş diýip eşitdim.
— Bilimi nirede aldyñ?
— Merkezde. Gurluşyk institutyny gutardym.
— O-ho-how, gaty gowy!
— Özem zybrym bäşlik bilen.
— O-how-how, gaty gowy. Diýmek, sen prorab bolmakçy-da, şeýlemi?
— Hawa.
— Ýogsa-da, sen harçañlaşmany başarýañmy?
— Nämäni başarýañmy?
— Harçañlaşmany. Sesiñi gataldyp, sögmäni, gygyrmany, heñkirmäni…
— Ýok, o zatlardan-a başym çykanok. Onsoñam onuñ gurluşykça näne derkar ýeri bar?!
— Baý-ba-ow, diplomdan öñürti şo zatlar gerek bize. Adamlañ üstüne gygyrmany başarmasañ, nädip işlejek gurluşykda.
— Olar ýaly zady bize öwretmediler-ä, institutda.
— Wah, içimi ýakmasana. Institutda öwredilýän zat barmy?! Ýalan sözlemäni, ogurlyk etmäni näme, instututda öwredýärlermi?
— Be, onda men näme etsemkäm?!
— Sen git-de, harçañlaşmany bir öwren, galan zatlary bu ýerde özümiz öwrederis. Düşnüklimi?
— (Gygyryp) Düşnüksiz. Siz baryp ýatan býurokrat…
— Be, gygyryşman-a derrew öwrenjek ekeniñiz. Hany, getir dokumentleriñi.

Täçmämmet JÜRDEKOW.

Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle