|

Harby adamlar

Harby adamlar HARBY ADAMLAR

Pamflet

Harby adamlary halamaýaryn,
Olar Ezraýyla gulluk edýärler.
Köplenç yzy bilen esgerleñ baryn,
Ajalyñ agzyna alyp gidýärler.

«Mert ölýäs — diýýärler — ölmeli ýerde!»
Kasam içip,
kasamyna bekmişler.
Olary erkine goýsañ eger-de,
Dessine uruş turuzjak al kakmyşlar!

Elleri gijäp dur mäşe gysmaga,
Serleri küýsäp dur däri ysyny.
Hemmäniñ egninden tüpeñ asmaga,
Taýyn olar, berseñ eger häsini.

Garaşýarlar şöhrat gazanmak üçin,
Täze uruş odunyñ ýakylaryna.
Her gullukda ölen — süýnen ýyldyz — çin,
Dakylgy egindir ýakalaryna

Al lampasly balaklay güjeñläp,
Ýalpyldadyp pogonlarnyñ zerini.
Generallar ähli ukybyn jemläp,
Jeñe taýynlap ýör esgerlerini.

Ýyrtyp gohy bilen bütin barlygy,
Galat «Trewoga» yglan edýärler.
Tank-tou mäjümläp çemenzarlygy,
Ýasama «uruşlara» eñip gidýärler.

«Öldüresiñ» gelýärmi — ýok, soralmaz,
Buýruk: «Ot aç!»
Atmalymy-atmaly!
«Atyp öwrenmedik arslan-şir olmaz!»
Diýlen elhenç pygla gulluk etmeli!

Pähimlimi ýa däl, saña galmandyr
Baha kesmek,
«hudaý» — çini ulular.
Çinsizlerde ne hukuk bar, ne gadyr,
Çinsizler buýruga tabynlar-gullar.

Wagşylaşýar kem-kem çykyp «sowadyn»,
Ýagly esger şülesini dadanlar.
Öwredýärler öldürmeklik sungatyn,
Sada ýigitlere harby adamlar.

Garynja basmaga dözmejekleri,
Adam öldürmäge taýynlaýarlar.
Nämüçin,
Nämüçin şonda-da olar,
Elhenç jenaýatkär saýylmaýarlar?!

Bilýän,
beýle şygry oñlamaz olar,
Diýerler: «Öwredýäs goranmak tärin!»
…Belki, pähim artyp, şeýle gün geler,
Ret ederler harby adamlañ baryn!

■ ÝESIR

Kaksyñ iýe-iýe etin owurdyñ,
Näumytlyk derdi düşürer tapdan.
Bir biweç ýurt bolsa yzyñda ýurduñ,
Idegiñe çykmaz,
öçir hasapdan.

Aýatda ne diri,
ne-de bir öli,
Iki jahan owarrasy ýesirsiñ.
Mydam seniñ ýakañ — ajalyñ elin
Haraý sorap kime arzyñ ýetirsiñ.

Ýaşajaksyñ ýarag goluña alman,
Ýöne welin hany hukuk ýaşara?!
Hem-ä guşsuñ ýowuz kapasa salman,
Hem guş dälsiñ ýurda uçup aşara…

Hemra ŞIROW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle