| | |

Harari emeli añdan howatyrly: «Adamzadyñ aman-sag galjagy belli däl»

Harari emeli añdan howatyrly: "Adamzadyñ aman-sag galjagy belli däl" «SAPIENS»-iñ AWTORY HARARI EMELI AÑDAN HOWATYRLY: «ADAMZADYÑ AMAN-SAG GALJAGY BELLI DÄL»

Harari emeli añdan howatyrly: "Adamzadyñ aman-sag galjagy belli däl"

Emeli añyñ ekzistensial howplary tehnologiýa dünýäsiniñ soñky döwürdäki iñ jedelli temalarynyñ biri (The Independent / Midjourney)

«Sapiens: Adamzadyñ gysga taryhy», «Homo deus: Ertiriñ gysga taryhy» ýaly kitaplary bilen tanalýan ysraýylly taryhçy Ýuwal Noý Harari emeli añyñ öñe saýlanmagyndan aşa howatyrlanýar.
«The Telegraph»-a beren Harari «Munuñ özi taryhda hekaýa döredip bilýän ilkinji tehnologiýa» diýdi.
Harari hiç bir zadyñ mundan has beter güýç görkezijisi bolup bilmejekdigini aýdýar. Çünki onuñ pikiriçe, adamzadyñ ynanç sistemalary, maliýe we döwlet baradaky «hekaýalara» gönükdirilen köpçülikleýin ynanjy dünýäniñ üstündäki agalygynyñam açary boldy. Indi emeli añyñam bular ýaly hekaýalary döredip bilýändigini aýdýan taryhçy şu sebäpli geçen aý gürrüñi edilýän tehnologiýanyñ eksiztensial howplaryna ünsi çekýän kollektiwleýin hata gol çekipdi.
Gol çekenleriñ arasynda Ilon Maskyñam bolan şol hatda howplaryna göz ýetirilýänçä «ChatGPT»-a meñzeş sistemalary işläp düzen ähli taraplaryñ işlerini alty aýlap togtatmak talap edilýärdi. Hususanam 2022-nji ýylda sensassiýa döreden «gallaw emeli añ» enjamlary köp sanly hünärmeni ekzistensial howplar hakda oýlanmaga iterdi. Ulanyjylaryñ söhbet gutujygyna sözleriñ girip şekil emele getirmegini üpjün edýän «Dall-E» ýa-da şolar bilen ýazgyly ýa-da sesli gürleşip bilýän «ChatGPT» ýaly ulgamlara emeli añ ady berilýär.

Harari emeli añdan howatyrly: "Adamzadyñ aman-sag galjagy belli däl"

Bu ulgamlar internetdäki millionlarça setir tekst we şekil bilen taýýarlandy. Munuñ kömegi bilen ulanyjylaryñ sowallaryna jogap berip bilýär we gyzyklanýan islendik temasy boýunça şekiller ýasap berýär.
Beýleki bir ýandan Harari «Täze tapgyr emeli añ diñe adamlaryñ berýän maglumatyny ýaýradanok. Maglumaty özbaşdak hem taýýarlap bilýär» diýýär.
Köp ýazgynyñ, aýdymyñ we yzyndan teleseriallaryñ, suratlaryñ adama dahylly däl «añ» tarapyndan döredilen dünýäsinde ýaşamagyñ nämäni añladyp biljekdigini göz öñüne getirmäge synanşyñ. Emeli añyñ medeniýetimizi eýelemeginiñ netijeleri nähili bolup biler?
Gürrüñi edilýän ulgamyñ demokratiýa üçinem ullakan howp döredip biljekdigini aýdan Hariri «Munuñ özi aýratynam demokratiýalar üçin awtoritar režimlerden has uly howp-hatardyr, çünki demokratiýalar jemgyýetçilige açyk çykyşlara goldanýar» diýdi:
«Demokratiýa aslyýetinde çykyş etmedir, pikir alyşmadyr, gürrüñleşmedir. Adamlar biri-birleri bilen gürleşýär. Gürrüñleşmäni emeli añ elimizden alsa, demokratiýa diýlen zat gutarar».
Harari emeli añdan howatyrly: "Adamzadyñ aman-sag galjagy belli däl"

Munuñ bilen bir hatarda taryhçynyñ pikiriçe emeli añyñ totalitar režimler tarapyndan ýaramaz maksatly ulanykma ähtimallygy-da bar. «Nasistik režim otlular, elektrik enjamlary, radiouzeller ýaly tehnologiýalara goldanýardy. Emeli añ ýaly tehnologiýasy ýokdy» diýen Harari sözüniñ üstüne şulary goşdy:
«XXI asyrda täze režim aşa güýçli tehnologiýalara eýe bolar. Ýagny, munuñ netijeleri pikir edişimizden has eýmenç bolup biler. Adamzadyñ aman-sag galjagy belli däl».
Taryhçynyñ pikiriçe bu boýunça başga bir howpam köp adamyñ geljekdäki iş orunlary üçin esasy ukyp-başarnyklaryndan mahrum edilip, doly işsiz galdyrylmagy.
«Ykdysady sistemanyñ millionlarça adamy hiç zada peýdasyz jemende hasaplaýan derejesine ýetip bileris. Munuñ gorkunç psihologiki we syýasy netijeleri bolar» diýen Harari sözlerini şeýle dowam etdirdi:
«Emeli añyñ taryhda özbaşdak netijä gelip bilýän ilkinji tehnologiýadygyna düşünmeli. Ol öz ulanylyşyna degişli kararlary-da kabul edip bilýär. Şol bir wagtyñ özünde siz we men hakynda-da netijä gelip bilýär.Bu ýöne bir geljegiñ çaklamasy däl. Bolup duran zat».
Harari emeli añdan howatyrly: "Adamzadyñ aman-sag galjagy belli däl"

Ýuwal Noý Harari

Hata garşy çykan tanymal şahslar-da bar. Harariniñ hem gol çeken açyk hatynda kompaniýalaryñ arasyndaky emeli añ bäsdeşliginiñ «çygyrdan çykandygy» aýdylýar:
«Soñky aýlarda emeli añ hiç kimsäniñ (ony döredijileriñem) düşünmejek, çak edip bilmejek ýa-da howpsuz gözegçilikde saklatmajak, gözegçilikden çykan bäsdeşlige kilitlendi».
Beýleki bir ýandan emeli añ boýunça howatyrlanmalara goşulmaýan adamlaram bar. Mysal üçin, «Microsoft»-yñ hojaýyny Bill Geýts gallaw emeli añ enjamlaryny «rewolýusiýa» hasaplaýar.
Bu boýunça alnyp barylýan işleriñ togtadylmagyny talap edýän haty tankyt eden Geýts şeýle diýipdi:
«Belli bir topardan säginmegi talap edeniñiz bilen kynçylyklary çözüp bolar öýdýäñizmi?»

Independent Türkçe, The Telegraph, CNBC.

Harari emeli añdan howatyrly: "Adamzadyñ aman-sag galjagy belli däl"

Taýýarlan: Çagla ÜREN.

Sişenbe, 25.04.2023 ý. Ylym we tehnologiýa

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle