|

Haram adamlar bir nokada ýygnansa…

Haram adamlar bir nokada ýygnansa… HARAM ADAMLAR BIR NOKADA ÝYGNANSA, ÝA-DA JEBRAÝYLYÑ JEBRI

Haram adamlar bir nokada ýygnansa...

Haram adamlara bir nokada ýygnanmak bolmaýar, eger olar barybir ýygnanaýsa, diýmek uly heläkçilige garaşybermeli. Haramlygyň bir nokada jemlenende heläkçiligiň bolýandygyny, ilkinji gezek bize mukaddes kitaplar görkezdi. Şol ady belli ýok edilen şäherler: Sodom we Gomorra.
Beýik Ýaradyjy haramlygyň üýşen ýerini ýok edýänligini görkezdi, emma biz bu zatlary köneleriň ertekisi ýaly kabul edýäris. Hakykatda welin bu mehanizm edil sagadyň mehanizmi ýaly ygtybarly işleýär we biziň günlerimizde öziniň bardygyny görkezip durýar. Beýik Ýaradyjy Sodom we Gomorradan soň hem, örän köp şäherleri weýran etdi, emma ol heläkçilikler barada entek mukaddes kitap çykanok, belki Kurany-Kerimden soň asmandan injek kitaplaryň birinde, soňky ýok edilen şäherler peýda bolar? Weýran ediji güýji köp adamlar Hudaýyň gazaby diýip düşünse aňsat bolýar, men welin özüm tehnik bolanym üçin, bar zady mehanizmler görnüşinde göz öňüne getirmegi gowy görýärin. Göz öňüne getiriň, asmanda bir ýerde uly bir ýarag bar, ol ýaragyň ady hem «Jebraýylyň jebri». Ol ýaragy raketalar toplumy, ýa-da uly lazer hökmünde göz öňüne getiriň. Indem ol ýarag herekete geçer ýaly nämäniň gerekdigi barada oýlanyp görüň. Ýaragyň esasy nyşany haramlyk we ýaramaz duýgylar. Eger haýsam bolsa bir şäherde haramlyk we azgynçylyk belli bir prosentden ýokary galsa, şol şäher hökman ýok edilýär. Bu düzgün biziň döwrümiz üçin hem adalatly. Iň bärkisi 1948-nji ýylda Aşgabadyň haraba öwrülmegi. Ondan başga ýaňy-ýakynda käbir şäherleriň we etraplaryň haraba öwrülmegi (tebigy heläkçilige uçramagy) haramlygyň çendenaşa ýokary galmagyny aňladýar. Edil adyny tutyp aýdyp durjak däl, ýöne bary-ýogy 5-10 ýyl mundan öň, bir şäheriň ýer bilen ýegsan bolanyna biziň ählimiz şaýat boldyk. Şol ýeri şertli belgi bilen «N» şäherçesi diýip belläli. Eger gowja derňeseň şol «N» şäherçesinde küntüçiligiň we jelepçiligiň örän ösendigine göz ýetirseň bolýar. Mukaddes kitaplardaky şäherleri näme üçin ýok etdiler? Beçebazlyk üçin, jelepçilik we küntüçilik üçin. Beçebazlyk üçin irde-giçde Ýewropanyň ýumruljagy göze görnüp dur. Ýöne Jebraýylyň jebri işe girer ýaly Ýewropa azajyk prosent ýetmeýän bolmaly? Umuman alanyňda bar zat ýönekeý, eger belli bir ýerde haramlyk çenden aşa artsa, diýmek şol ýer ýok edilýär, hökmany suratda ýok edilýär. Ilkibaşda göräýmäge Jebraýylyň jebri diňe şäherdir etraplara bakdyrylyp goýylan ýaly bolsa-da, hakykatda bu beýle däl eken. Haram adamlaryň jemlenşen islendik ýeri ýok edilýän eken. Mysal üçin gark bolan «Titanik» gämisi hem Jebraýylyň jebriniň işi. Ondan başga samolýotlaryň heläkçilikleriniň köpsüne seredip görseň örän geň bir zada göz ýetirseň bolýar. Mysal üçin, samalýota şol bir hünärli adamlary mündürseň samolýot köplenç heläkçilige uçraýar. Samolýota futbol komandasyny mündürmek howply, sebäbi futbolçylaryň haramlygynyň derejesi belli bir prosentden geçmegi ahtimal we Jebraýylyň jebri şol bada işe girýär. Eger futbol komandasyny awiaheläkçilikde ýitirmejek bolsa, olar bilen bile samalýota hökman bir-iki sany halal adam mündürmeli. Bir döwletiň delegasyýasyny bir howa gämisine mündirmek hem howply, sebäbi şäherler üçin adalatly düzgünler howa gämisi üçin hem adalatly. Döwlet delegasiýalarynyň bir howa gämisinde heläkçiligi uçrandyklary az däl. Hokkeý boýunça (ýa-da başga bir sport) komandaň we ekstrasenslaryň bir samolýot bolup ýok bolany belli zat. Eger maňa ynanmaýan bolsaňyz wikipediýany açyň-da, howa gämileriň heläkçilikleriniň taryhyny ýekeme-ýeke okap görüň. Eger ýaltanman şeýle etseňiz, taryhda şol bir hünärli adamlaryň bir howa gämisine münip heläk bolandyklaryna göz ýetirersiňiz. Hünärleri deň adamlaryň içgi dünýäsi hem deň bolýar, eger hünär adamy haram işlere iterýän bolsa, diýmek şeýle hünärli adamlaryň bir nokada jemlenmegi howuply. Sebäbi ýokarda Jebraýylyň jebri haram adamlardan dynmagyň pursatyna garaşyp dur. Ýöne haramlardan dynylanda iň esasy düzgün, daş-töwerekde halallaryň bolmazlygy.

Rahman ZULFIKAROW. Geň-taňsy wakalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle