|

Hany, çal dutary!..

Hany, çal dutary!.. Hany, çal dutary, mähriban dostum…

Hany, çal dutary, mähriban dostum,
Egseli, ýüregmiz atmanka gasyn,
Geçilen ýollaryñ şatlyk-bagtyny,
Geçilmedik ýodalaryñ gussasyn.

Egseli gussasyn ýalañaç baglañ,
Güýzüñ ýaprak bürän ýata suwlarnyñ.
Egseli gussasyn, duw-ak gussasyn
Mesopotamiýa barýan guwlaryñ.

Bar zat boldy: söýgi, dostluk, ýalan söz,
Büdremeler, ýasly gündür bagtly gün.
Asuda düzleriñ gussasy bile
Düşündik biz manysyna şatlygyñ.

Ýyllar geçdi durdy yzly-yzyna,
Has agras ýaşadyk, has agras söýdük.
Şu eziz topraga belent ynamy
Biz ähli zatlardan belentde goýduk.

Biz söýüldik, bagtly bolduk şoñ üçin,
Diñe söýen güýzde gussa düşünýä.
Kim aýdypdyr pany diýip barlyga?
Ýaşanyña juda degýär bu dünýä.

Ine, şu gözellik ýaşany üçin,
Küýsedik baharlar basymdan-basym,
Güýzüñ ýaprak bürän ýata suwlarny,
Onuñ ýadan ýodalarnyñ gussasyn!

Gurbannazar EZIZOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи