Han ýaly ýaşa!
Han ýaly ýaşa!
Meniň bir öýüm bar. Ol şeýle kaşaň,
Görmäge göz gerek! Göz degmäwersin!
Gapysyn hiç kime açamok entek,
Sen weli arkaýyn girip bilersiň.
Isleseň, men ony saňa bereýin.
Geňirgenme, bu diýdigim oýun däl.
Hut şu günden şeýläk han ýaly ýaşa,
Owalynda diňe seň üçin gurlan
Göwün diýen öýümde. Goşgular