|

Halypalyk

Halypalyk HALYPALYK

Goşgy älemindäki iň ilkinji synanyşyklarymyň hemaýatkäri «Sowet Türkmenistany» gazetiniň şol mahalky redaktory Şamyrat Täşliýewe

Käte özüm bilen özüm gepleşip,
Pikire batýaryn halypa hakda.
…Iň uly halypam Pyragy weli,
Ilkinji ädimmi penalamakda
Ilkinji goluny uzadan adam
Başga howandardy, başga kişidi.
Ol Pyragy däldi. Ýöne meň üçin
Şondan ne uludy,
Ne-de kiçidi.

Käte özüm bilen özüm gepleşip,
Pikire batýaryn halypa hakda.
…Ullakan halypam Puşkindi weli,
Täze halypam hem halypalykda
Şonça iş edipdi. Ejiz setirlem
Şonuň emri bilen alga geçipdi.
Ýok, ol Puşkin däldi.
Ýöne şo pursat
Şondan ne uludy,
Ne-de kiçidi.

Käte özüm bilen özüm gepleşip,
Pikire batýaryn halypa hakda.
…Ullakan halypam atamdy weli,
Ikinjisi duşup ýowuz ýaşlykda,
Orakly atamyň ýetişmedigni
Kem-kemden taplapdy eli çekiçli.
Ýok, ol atam däldi.
Ýöne meň üçin Şondan ne uludy,
Ne-de kiçidi.

Kerim GURBANNEPESOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle