Halypa şahyrymyz G.Ezizowyñ ýagty ýadygärligine bagyşlanýar
Halypa şahyrymyz G.Ezizowyñ ýagty ýadygärligine bagyşlanýar

Sen ýadyma düşseñ pikire batýan,
Ýok, şygyrlañ o:ýunda däl bu serim,
Meni çuñ pikire batyran ýagdaý
Gursagña ok girip ýatan pursadyñ.
Şol pursat arkañy berip topraga,
Gözleriñi dikip gyzyl asmana,
Iñ soñky demiñi alyp ýatyrkañ,
Näme hakda gussalandyñ aýtsana.
Belki ol gussañy duýandyr asman,
Ol gussalar gatyşandyr topraga,
Toprak bolsa agaçlara siñdirip,
Agaçlar hem siñdirendir ýapraga.
Şondandyr ýapraklar artan gussasyn,
Paýlaşmakçy bolýandygy biz bilen,
Iñ bir agyr bolan gussany bolsa,
Paýlaşyp bolmaýar ýeke söz bilen.
Ynha şonuñ üçin tüweleý turup,
Bu gün bütin dünýäñ hasraty artdy,
Bu gursaklar çekip bilmän gussañy,
Ah çekdi-de dünýäñ ýüzün çalartdy.
Resul ORAZOW.
29.09.2016 ý. Goşgular