Halkym
Halkym
Dumly-duşdan ýöriş edip,
Garaguma barýar halkym.
Göçgün bilen ýaryş edip,
Garagumy ýarýar halkym.
Göýä tende goşa damar,
Uzyn ýola düşýär demir.
Sürmek üçin gözel ömür,
Öñe bakan barýar halkym.
Gurluşygy ele alan,
Ýollar boýy jaýlar salan,
Daşoguzy Lebap bilen
Birikdirip berýär halkym.
Uzak ýoly nazar alar,
Çägelere ýagty salar,
Uzyn göwre gider-geler,
Şondan lezzet alar halkym.
Göýä göwräñ uzan goly,
Ýakynlaşdyr uzak ýoly.
Ýurt eýesi türkmen ili,
Her günsaýyn ösýär halkym
1948
Berdi KERBABAÝEW Goşgular