Halasgär (Hekaýa)
Ahmet Ünal ÇAM,
türk ýazyjysy
Ýaşululyga ser uranyna eýýäm ep-esli wagt bolupdy. Gözlerini bir nokada seredip, geçen durmuş ýoly hakynda oýlanýardy. Adamlaryň ynsanlyga sygmaýan hereketleri ýekän-ýekän gözüniň öňünden geçdi. Näçe ýagşylyk etse-de, adamlardan ýagşylyga garaşmaýardy. Olaryň birenteginiň özüne geň galyjylyk bilen seredýändigini hem aňýardy. Adamlardan göwni galan hem bolsa, ol barybir şol bolşunda galmagy ýüregine berk düwüpdi. Sebäbi ony bu durmuşa baglaýan sanaýmaly zatlaryň içinde onuň özüne bolan hormaty bardy. Häzir ol bu hormaty hem ýitiräýse, onda ol özüni durmuşdaky bar zadyny ýitiren ýaly duýjakdy.
Ýaşuly ýuwaşlyk bilen gaýadan inip başlady. Deňziň kenaryna zyňlan döwük çüýşe gözüne ilipdi. Ol içgiden daşdady. Emma ol döwük çüýşäni görübem almasa, ol hem biriniň aýagyny kesäýse, wyždan azabyny çekjegini bilýärdi. Onuň döwük çüýşäni ýerden galdyrany hem şoldy welin, bir ýaş ýigit bilen gyz oňa gülüşdiler. Ýigit «Zir-zibil çöpläp ýöreniň biridir-dä» diýdi. Ýaşuly ynsan ählini gowy görmegi, olaryň hereketlerini gowa ýormaga çalyşýardy. Ýaşlar meselesinde, ol has hem şeýledi. Emma ol ýigidiň gapdalyndaky gyza-da özi hakynda bir zatlar aýdyp, ony öz üstünden güldürmäge jan etmesine, sesine bat bermesine kalby daraldy.
Ol ýaşuly döwük aýna gyýçaklaryny bir gyra aýryp, yzyna gaýdyp gelýärkä, özüniň häli oturyp gaýdan gaýasynda hälki ýaşlaryň tolkunlara seredip bälçireşýänlerini, bir-birleriniň eginlerine kakyşyp, oýun edýänlerini gördi. Aňyrrakdaky bir gaýa tarap hyýallandy. Şol barmana hem biriniň deňze pagşyldap gaýdan sesini, hem-de onuň kömege çagyrýandygyny eşitdi. Gyz deňze gaýdypdyr. Sport geýimli ýigidiň dessine özüni deňze oklap, gyzy halas ederine garaşdy. Emma bir gaýadan beýlekä ylgaşlap ýören ol ýigidiň özüni deňze oklamaga gaýraty çatmady.
Ýigit näme etjegini bilmän aljyrady. Ol tolkunlaryň girdabyna düşüp, özünden uzaklaşyp barýan gyza seredip durşuna, sesiniň ýetdiginden gygyrýardy. Akylyndan azaşan ýaly çar ýana elewreýärdi. Şol barmana gapdalynda kimdir biriniň deňze özüni oklap, pagşyldap suwa düşenini eşitdi. Görse, ol ýaňyja özüniň üstünden gülüp oturan ýaşulusydy.
Ol tolkunlaryň zarbyna garamazdan, güýjünde baryny edip ýüzüp, gyzy halas etmäge ýetişdi. Onuň saçyndan tutup, kenara tarap çekdi. Kenara ýakynlaberende, ýigit gyzy suwdan çykardy. Ýaşulyny bolsa eýýäm unudypdy. Birden ol ýadyna düşüp, deňze tarap göz aýlanynda, onuň entegem deňizden çykyp bilmändigine göz ýetirdi.
Ýaşuly ysgyn-mydarsyz halda tolkunlara erkini beripdi. Ýaş ýigit ýene aljyraňňylyga düşdi. Söýen gyzyny halas eden, özüniň bolsa üstünden gülen ol ýaşulusy gözünden gaýyp bolupdy. Göz açyp-ýumasy salymda durmuşynda, gör, nämeler bolup geçýärdi. Dünýäde janu-tenden söýen gyzyny halas edip bilmändi, ony başga biri ölümden alyp galypdy. Ol bolsa indi onuň özüniň ötünç soramagyna hem garaşman, boýnuna utanç baryny ýükläp, gözünden ýitirim bolupdy.
Özüne doly gelmedik gyz ýigidiň hem özi ýaly ýüzüp bilmeýänini bilensoň, onuň deňze tarap ylgap barýanyny görüp yzyndan gygyrdy. Emma ol eýýäm özünden ep-esli arany açypdy.
Ýigit näçe jan etse-de, ol ýaşulynyň ýele ýanyndan hem baryp bilmedi. Tolkunlaryň içinde gark bolan däl-de, hamala, dynç alan ýaly görünýän ýaşulynyň ýüzi gülüp durana meňzeýärdi. Ýigit şobada kenardan has uzaklaşandygyna düşündi. Ýöne indi giçdi. «Diýmek, bary çyn» diýip oýlandy. Ýaşan ömri, dost-ýarlary, ýakynlary birin-birin gözüniň öňünden geçdi. Ynsan ölümiň penjesine düşende şeýle bolýarmyş. Agzyna suw gidýärdi, emma göreşmäge mejaly galmandy.
***
Birdenem garaşylmadyk ýagdaý ýüz berdi. Ýigit özüni güýçli gollaryň gysymynda duýdy. Birbada ol äpet balygyň girdabyna düşendirin diýen pikir bilen ondan sypmak isledi, emma ýanjagyzynda şol ýaşulynyň durandygyna gözi düşüp ynjaldy. Ýaşuly ony ilki golundan, soňra ýakasyndan tutup, bir ýaş çaga ýaly çekip çykarmaga başlady.
Göz açyp-ýumasy salymda kenara gelipdiler. Ýaşuly ol ýigidi gyzyň ýanyna getirip, uludan demini aldy. Ýaşlara bakyp ýylgyrdy:
— Sizem, menem bu gün gowuja sapak aldyk. Men özümden göwnüm bitdi. Siz bolsa hiç kimi äsgermezlik etmeli däldigini öwrenensiňiz. Sizi synap görmek üçin gark bolansyradym hem-de ynsanlygyň entek ölmändigine göz ýetirdim. Ýigit, bilýäňmi, sen meni halas etmäge synanyşdyň. Senden ýaňa göwnüm bitdi. Walla, dünýä täzeden gelen ýaly boldum. Ýöne men bujagaz tolkunlara özümi aldyrardan entek berdaşlydyryn…
Ýaşuly kenarda özlerini dürsemäge duran ýaşlaryň bir zat gürlärine-de maý bermän, «Saglykda görşeliň!» diýdi-de, ýola rowana boldy.
Ýigitdir gyz öz halasgärleriniň yzyndan seredip duruşlaryna, haýran galmakdan doňup galdylar. Kalplaryny bolsa şatlyk duýgusy gurşap alypdy.