|

Gyzym

Gyzym GYZYM

Gyzym!
Seni
Unudandyr öýtmegin,
Ýanyňa gelerin, aýda ýa ýylda.
Asyl, eneň bilen ir säher, agşam
Belki,
hasaby ýok, ýatlaýas günde.
Sen bolaňda begenipdim,
Çägi ýok.
Bu barada aýtsam ýüregim para.
Elbetde,
Ol günler gaýdyp gelenok.
Gaýtaryp getirsem tapardym çäre.
Ah, Gyzym,
Ah, gyzym, naçarym meniň,
Sypardym, ogşardym seniň başyňdan…
Şeý, diýdi-de, ýüregini agladyp,
Ata turdy, bir mazaryň başyndan…

Remezan MÄMETGURBANOW.

06.10.2022 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle