Gyzylsyw
Gyzylsyw
Seredeňde gözleriňe gelip dur,
Tebigat gök deňze nusga salypdyr.
Gün eňegin Gyzylsuwa berende
Reňkinem, meger, şondan alypdyr.
Deňiz merdi gök deňize girip ýör.
Gökde bulut al şalyny örüp ýör.
Deňiz joşa gelip köpük gaýnanda
Kaşgaltaklar akja güller tirip ýör.
Barkas, gämi öňe tarap sürünýär
Ak balyklaň akja gerşi görünýär.
Türkmen gözeliniň köýnegi ýaly
Gyzyl tolkun owsun atyp urunýar.
Gün batansoň deňiz örän hezildir,
Sakyn howa durşy bilen gazaldyr.
Gyzylsuwyň kenaryna çykanda,
Suwa meňzeş gül uzadar gözeller.
Syrbaý MAULENOW,
(Gazagystan).
Terjime eden: Goşjan SEÝITMÄDOW. Goşgular