| |

Gyz jigi / hekaýa

Gyz jigi / hekaýa GYZ JIGI

Gyz jigi / hekaýa

1.

… Gyz sada jogap berdi:
— Ýok.
— Synanyşybam göreňokmy? – diýip, oglan çintgäp sorady.
— Synanyşybam göremok.
Oglan geň galdy.
— O nämüçin?
— Näme diýeýin saňa?! Aý, höwes ýok-da.
— Beh!..
— Okuw bolsa, bolanok-da meňki. Birhili ýüregim gysyberýä.
Oglan gyzyň ýüzüne seretmän:
— Göni ýöräbermelimi? – diýip sorady.
— Ýok – diýip, gyz barmagyny çommaldyp, saga ümledi. – Şu köçeden şeýläk sowulmaly.
— Be-e, okuwa bolamok diýdiň-ow.
— Hawa, okuwa bolýan däldirin.
— Onda işleýänsiň-dä bir ýerde?
— Ýok-la, işlärinmi?!
— Beh, o nä?
— Aý, işläýin diýeňde nirä barjak şu wagt? Hany iş barmy üýşüp ýatan? Okuwsyz bolsaň-a asylam…
— Iş diýeniň okuwsyz bolaňda-da tapdyrar-a.
— Tapdyrar. Tapdyrmaz diýjek däl. Ýöne maňa borluk iş näbileýin-dä.
— Oňa nähili düşünmeli?
Gyz ýylgyrdy. Soň ýuwaşja gülüp:
— Nähili düşünseň, düşünibermeli – diýdi. – Özümden-le bary. Höwes edýänje işim bolaýsa diýip, şol…
— O nähili iş?
— Diýen bolaýýan. O-da üýtgeşik bir zat däl-le.
— Nähili?
Gyz ýene ýylgyrdy. Ýene ýuwaşja güldi. Soň şeý diýdi:
— Aýtmaýyn. Aýtsam, üstümden gülersiň.
Oglan çynlakaý sypata girdi. Onuň gözlerinde bilesigelijik ody tutaşýardy.
— Güljek däl. Aýt!
— Neme-dä – diýip, gyz aradan esli salymy geçirip gepledi. — Restoranda-zatda diýýän-dä.
— Näm bolup?
— Hyzmat edýän diýen ýalyrak bir zat-da. Müň sany iş ýokdur-a o taýda.
— Müň sany iş-ä ýokdur-la — diýip, oglan gaýtalady.
— Meň diýýän işim-ä, ana, şo.
Oglan bary-ýogy bir agyz:
Dogry – diýdi. Soň:
— O-da gowja iş – diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Dymyp, biraz ýörediler.
Töwerekde güýz. Köçeleriň ýakasy, ganawlaryň içi,
aýaklaryň asty, bütin dünýe – ýaprak. Sary-sary
ýapraklar!
Günüň çogy tomusdaky ýaly däl. Öçügsilenipdir.
Ýöne ýitilik bar. Oglan jalbarynyň jübüsünden
elýaglygyny çykardy-da, maňlaýynyň, boýnunyň,
alkymynyň derini süpürdi. Ýüzüni ýelpedi.
— Adyňam-a bilemok men seň – diýip, ol soňrak
täze bir gürrüň tapdy. – Adyňy bir aýt maňa. Eşidip
goýaly.
Gyz gözlerini güldürdi.
— Çynymy aýdaýynmy ýa…
— Dagy nä aldaýjakmydyň?
Gyz birazajyk utanyp:
— Seýýara – diýdi. Dagy näderini bilmän, diňgögüne
garady.
— Seýýara diýsene, Seýýara. Adyňam özüň ýaly
owadan eken-aý. Bäh!
Gyz hakykatdan-da görmegeýdi. Horluk, semizlik
babatda pylan diýer ýaly däldi. Ortamiýana. Boýam
şonuň ýaly, ne uzyn, ne gysga. Dodakalary birenaýy
neşelendirilipdir. Gözleri onçakly ýeser däl. Tersine,
öçügsi görünýär. Şonda-da ol gözlere köp wagtlap,
belki-de, ömrüňi ötürýänçäň seredip oturasyň gelýär.
Şu dünýäniň kän-kän ýagşu-ýaman işleri şunuň ýaly
gözlerden başlanýan bolsa-da, ahmal. Onuň maňlaýy
dar. Gaşlary selçeň. Burny kiçijegem bolsa, görküne
birjik-de zeper ýetirenok. Gaýtam aksowult ýüzüniň
görmegini artdyrýanam şu kiçijik burun ýaly bolup dur.
Bu gyzyň şeýle gözilginç owadanlygynyň başga
zatlardan bolmagy-da mümkin. O-da ujy gyradeň
gyrkylan gara saçlarynyň egniniň üstüne dökülip
ýatmagy. Ýa-da onuň seresap ädim urşunyň,
gaýkyldaman ýöreýşiniň görk-görmegine, syratyna
oňaýly täsir etmegi bolup biläýjek zat.
— Men-ä onda saňa Seýýara diýiberjek indiden
beýläk — diýip, oglan sözüniň üstüni ýetirýän äheňde
müňkürligini syzdyrdy.
— Diýiber.
Seýýara oglana-da çalaja eşdiläýer ýaly sesde ýoň
bolan toý aýdymyna hiňlendi:
Gaýgylanma, ýarym, gaýgylanma!
Oglan kesä bakyp, şeý diýdi:
— Entegem giç däl.
— Nämä?
— Okuwa diýýän. Henizem bir pille.
— Hä-ä. Hawwa.
— Synanyşyp bir görmeli-dä onda.
— Islemeýän adam nädip okasyn?!
— Isleg-beýleki diýeniň üýtgäp durýan zat. Onda-da
bi ýaşda. Näçe ýaşyňda şuwat?
— On dokuz. Öňümizdäki dekabrda ýigrimä gidýändä.
— Dekabryň näçesine?
Seýýara gözlerini süzüp, ýadyna saldy.
— On altysyna.
— On altysyna bolsaň, häzir, on altysy…
— Senem dekabrmy?
— Hawwa… Tä-äk, sen menden näçe ýaş kiçi bolýaň
diýsene, göni iki ýyl ýedi gün kiçi bolýan.
Seýýara ýene gözlerini süzdi.
— Ymm… Dekabryň dokuzynamy sen?
— Hawwa.
— Ýigrimi bir ýaşyňda bolýaň-da?
Oglan onuň soragyna pitiwa etmeýän sypatda
gürledi:
— Hawwa welin bar-a, on dokuz ýaşyňda bolsaň,
ylaýyk wagty-da şuwat. Taýynlan-da, indiki ýyl göni
gir.
— Aý, okuwsyz aç öläýesimiz ýok-la.
— Şonda-da okuw, okuw bolýandyr.
— Ol-a şeýle.
Dymyp, ýene biraz ýöränsoňlar, Seýýara:
— Sen öz adyňam-a aýtmadyň – diýdi.
— Allak meň adym, Allak.
Gyz diňe birki sekuntdan soň:
— Özüňden tapaňok dämi? – diýip sorady.
— Arman ýanymda hiç hili dokumentim ýok-da.
Görkezerdim welin…
— Gowy adyň-a bar ekeni, owadan adyň.
— Özüm ýaly, ä?
Ikisi-de bir wagtda ýuwaşdan deň güldüler.
Emma Allak o diýen bir görmegeý oglan däldi.
Boýy-syraty-ha hiç neneň dälem welin, şu boýnundan
ýokarsynda bir kemlik bar ýaly bolup dur. Sarymtyl,
buýra saçy bilen Güne ýanyp, garalan ýüzinden,
şagalaňly, gyýyk gözleri bilen juda güri gaşlaryndamy,
uzyn gulaklary bilen kiçijik dodaklaryndamy, garaz, bir
ýerinde-hä nähilidir birhili sazlaşyk ýok.
Allak ahyry penjeginiň gapdal jübsünden owadan
gaply çilim çykardy. Gutuda baty-ýogy ýekeje çilim
galypdyr. Ol çilimi ernine gysdyrdy-da, gutyny
tokgalap, suwsuz ganawa oklap goýberdi. Öňünden
çykan ilkinji pyýadadan otluçöp sorap, çilim otlandy.
— Sen näme, okaýaňmy ýa işleýäňmi bir ýerde?–
diýip, gyz sorady.
— Bil-dä özüň.
— Men nädip bileýin?
— Çak ur.
— Çak ursam, okaýansyň.
— Hawwa, bildiň.
— Nirede?
— Uniwersitetde.
Dymdylar. Ýörediler.
— Haýalrak ýöresene! – diýip, Allak gatyrganýan
adamyň äheňinde haýyş etdi. — Gaty ýöreýäň. Yzyňa
eýerip bilemok halys. Howlugýan ýeriň ýokdur-a?
— Ýok-la – diýip, gyz ädim urşuny haýallatdy.
— Okuwy gutaraňsoň nirede işlemekçi?
— Aý, entek göreris-dä. Bärde galsam gowy boljak
welin, oba gidermikäm öýdýän-dä. Oba gaty
öwrenişipdirin. Birhili ýüregim gysyberýär.
— Jigileň-zatlaň bardyr-a beýlede?
Allak çilimini ýogyn-ýogyn sorup:
— Hawwa – diýdi. – Üç jigim bar.
— Tüweleme! Seň bile dört bolýa. Senden uly näçesi
bar?
— Menden uly ýog-a.
— Wi-iý, şeýlemi? Iň ulularymy sen?
— Hawwa.
Seýýara sesini çykarman dört ädim ädensoň, ýalta
yzyna garap, şeý diýdi:
— Öýlenenmi?
Allak ýüzbe-ýüz duran duşmanyndan gypynç edýän
adamyň sypatyna girip:
— Öýlenen bolsam, seň yzyňa düşüp ýörmen-ä–
diýdi.
— Öýlenmedik bolsaň, basym öýärler-dä – diýip,
Seýýara öňdengörüjilik etdi.
Allak süzgüjine çenli çeken çilimini aýak astyna
alyp:
— Sen hemme zady ap-aňsat edip goýaýýaň – diýdi.
– Öýlenmek üçin öňünden oňatja nemetmeli bolýa.
— Nämetmeli bolýa?
— Öýlenjek gyzyňy tanamaly-da.
— Bolman nä? Kim tanama diýýä? Sora, ide, tana,
öýlen!
— Onsoňam öýlenäýer ýaly taýyn gyzam ýok.
— O nähili ýok? Kän-ä. Dünýede gyzdan kän zat ýok.
Allak ýalandan güldi.
— Aý, ýok, sen hezil berjekgä. Şo-o tutan ugruňa tutup otyrsyň.
Seýýara seňrigini ýygyrdy.
— Senem biriniň ulusymy ýa senden ulam bamy? – diýip, Allagam öz gezeginde gyzyklandy.
Seýýara başyny ýaýkap:
— Ýok — diýdi.
Olar nobatdaky çatrykdan darajyk köçejige sowuldylar.
— Şümi siziň köçäňiz? – diýip, Allak töwerege göz aýlady.
Seýýara:
— Ýok, indiki – diýdi-de, barmagyny çommaldyp düşündirdi. – Ho duran maşyny görýäňmi? Şoň aňyrsyndan şeýleligine köçe geçýär. Şo köçäň ugrunda.
— Bäş-on ädim ýöränlerinden soň Allak gyza garap, morta bir zady diýip goýberdi:
— Saňa öýlenen-ä gönener…
Seýýära birbada düşünmedi.
— Saňa öýlenenä bagtly bolar diýýän.
— Ony nämeden diýýäň? – diýip, gyz biparh gülümsiredi.
Allak elini ýeňsesine ýetirip:
— Aý, biriniň ýeke gyzy bolsaň… – diýdi.
— Biriniň ýeke gyzyna öýlenen bagtly bolýamy?
— Diňe o-da däl.
Has-da darajyk köçä sowlanlaryndan soň Seýýara Allaga bakyp, şeý diýdi:
— Sen indi gaýdyber.
Allak ony saklap:
— Dur entek! Ertir şuwatlar çykgyn. Garaşjakdyryn – diýdi.
Allak gyz bilen wagtlaýynça hoşlaşdy-da, haýal-ýagal ädimläp, yzyna gaýtdy. Sag elini ýygy-ýygydan ýeňsesine ýetirdi. Saçyny sypalaşdyrdy. Çep elini bolsa, esasan jalbarynyň jübüsünden çykarmady. Agyr ýüküň astynda galan ýaly ýegşerilip ýöredi.
Ehe-he-e-e-e-eý,
Gijeler ýatyrmaz näzi gyzlaryň-ň— diýip, arasynda diňe özi eşidäýer ýaly sesde aýdyma-da hiňlendi. Bogazyny arçap, gakylygyny gapdala tüýkürdi.

2.

Günlerde bir gün Allagyň kakasy giçlik, ýatyljak çagy öýüň içini ala-burugsy edip, çilim çekipdir.
— Senem indi çilimiňi goý! Dünýäň puly gidýä şo artybyňa. Şü öýi halys eýikdirmeýän seň şo artyp çilimiň. Hm…- diýip, Allagyň ejesi ärine igenipdir.
— Goýjakgä! Çekesim gelýä, çekjek! – diýip, kakasy ters gürrüň tapypdyr.
— Çek! Tüssä boglup, ölýänçäň çek! Ýöne aýlygyňy doly getirip berersiň. Eşitdiňmi? Çilime-de puly nirden alsaň, şondan al! Işim ýok – diýip, ejesem beterinden beterini tapypdyr.
— Şon-a şeýtmejek borus – diýipdir kakasam.
— Bökersiňem! – diýip, ejesi haýbat atypdyr.
— Goý, how, indi! Tüket! Nerwini oýnama! – diýip, kakasy küldanda duran çilimini unudyp, täzesini otlapdyr.
Başga bir gün bir saý-sebäp bilen Allagyň ejesi ärine şamlyk nahar taýynlamandyr. Çaý demläp, gowurdakly
pitini orta alypdyr.
— Senem çaýçorba edinip, oňarsyň-da – diýibem, maslahat beriji äheňde Allagyň kakasynyň ýüzüne äňedipdir. O-da işden surnugyp gelen adam.
— Çaýçorba bilen-ä oňmajak borus – diýipdir.
Ejesi:
— Hä, näme oňman? – diýip, gözüni-gaşyny çytypdyr.
— Oňasym gelenok, oňjakgä! – diýipdir kakasam.
— Ertir nahar atarjak. Şü gün şuň bilen nemedäý! – diýip ejesi töwella edipdir.
— Nämetjekgä! Dawaý, naharyň ugruna çyk çaltrak! – diýip, kakasy sesini gataldypdyr.
— Gyýw, gohuň näme?! – diýip ejesi gaty arkaýyn oturypdyr.
— Meň saňa nämä diýdim? Iki gaýtalajak bolma! Diýleni et! – diýip, kakasy bekine tutupdyr.
— Etjekgä! – diýip, ejesi çürt-kesik garşy gidipdir.
— Edersiň! – diýip, kakasy şo bir depen ýerini depip durupdyr.
— Etmen! – diýip, ejesem pälinden gaýtmagy kyn görüpdir.
Garaz, kakasy nahar bişirtjekden, ejesem bişirmejekden bolup, ahyrsoňunda taraplaryň ikinjisi diýenini gögerdipdir. Tarapalryň birinjisi bolsa, eline agyr esger kemerini alyp, munuň üçin onuň çiginlerini, ýagyrnysyny, gözüniň aşagyny we beýleki ýerlerini
gögerdipdir.
Laýyk kyrk günden soň başlar ýassyga goýlanda Allagyň ejesi tersine düňderilip ýatan äriniň egninden yralap:
— Gyýw, bäriňe öwrülsene! Gepleşip ýataly-la! – diýipdir.
— Meň-ä ýaman erbet ukym gelýä. Ýatjak – diýip, Allagyň kakasy şo bir ýatyşyny üýtgetmän jogap beripdir.
Ejesi biraz dymyp ýatypdyr – da:
— Hm, bilýän, söýgüliň ýadyňa düşýändir seň. Şony göresiň gelýändir. Hm… – diýipdir.
— Han-ow, adamlary ýatmaga goý! – diýip, kakasy gaharynyň gelendigini gep uruş äheňiniň üsti bilen syzdyrypdyr.
Ejesi bes etmändir. Tirsegi bilen äriniň böwrüne hürsekläp:
— Bar, git-de, şo söýgüliň ýanynda ýat! – diýipdir.
— Men saňa näme diýdim? Ä?.. Nä ikilenç
gaýtalatjak bolýaň? Hä? – diýip, kakasy böküp
ýerinden turupdyr.
Ejesi:
— Herrelme! Sesiňi bat beren bolup, adam
gorkuzaryn öýtme! Men hakykaty aýdýan. Ýalanmy
eýse? – diýip, goýar ýerde goýmandyr.
Şeýle bolansoň, kakasy:
— Hakykaty men aýdyp bereýinmi saňa? – diýip,
eline agyr esger kemerini alypdyr.
Allak bilen onuň uýasy Senem aglaşypdyrlar.
Ertesi daň atandan ejesi bilen kakasy itiň içegesi
ýaly, täze bir uzyndan bulaşyk dawanyň hersi bir
ujundan tutupdyrlar. Tutupdyrlar-da, onuňam
çözgüdini çagalaryň hem goşlaryň paýlaşygyndan
gözläpdirler. Üleşik olaryň hersini bir ýere zyňypdyr.
Senem ejesi bilen şäherde ýaşap başlapdyr. Allak bolsa
obada – kakasynyň ýanynda galypdyr.
Soň, bir sähetli gün kakasy Allaga ýüregi
sahawatdan hem mähirden eýlenen oňat eje tapyp
beripdir. O-da Allaga üç sany jigi dogrup beripdir.
Täze jigileriniň ikisi gyzjagaz bolup, olar Allaga
meňzäpdirler üçünjisi bolsa oglanjyk bolup, ol Allagyň
täze ejesine çekipdir. Şeýdip, ýagşy-ýaman işleriň
ençemesi Allagyň gözüniň alnynda bolup geçiberipdir.
Şonuň ýaly ýagşy-ýaman işleriň ençemesine
Senemem şaýat bolupdyr. Uzyn-uzyn günleriň birinde
ejesi oňa täze kaka tapyp bermekçi bolupdyr. Emma
kaka boljak tarap il içinde “Öňki ärinden galan çagasy”
diýen gepiň bardygyny, ýaman ýeri-de, şol gepiň kän
bir halanyp barylmaýandygyny, eger Senemjik
bolmadyk bolanlygynda onda bu meselede hiç hili
ikirjiňlenmäniň bolup bilmejekdigini aýdyp, närazylyk
bildiripdir. Senemiň ejesi bolsa, heniz başynyň
ýaşdygyny, görjeginiň öňdedigini, gül ömrüni dul
geçirip bilmejekdigini, şeýdäýmese, dagy başga
alajynyň ýokdugyny, onsoňam çaga diýlen zadyň täze
ärindenem bolmak mümkinçiliginiň bardygyny, şol
sebäpli-de, näçe eý görýänem bolsa, gyzjagazynyň bu ýerde päsgelçiliginiň güýçlidigini kişiň ýanynda
aýtmasa-da, öz ýanyndan ýürejigi bilen boýun alypdyr.
Garasaý, kaka boljak tarapyň närazylygy Senemi
çagalar öýüne eltip taşlapdyr.
A Allagyň kakasy bu zatlary mahaly bilen
bilmändir. Wagtynda bilenligindemi? Onda onuň
Seneme hut özüiniň täzeden kaka çykjakdygyna kim
şübhe edip biler?! Seneme welin gaty basym eýe
tapylypdyr. Dünýeden zürýatsyz ötüp gitmeli bir bende
ony gyzlyga alypdyr. Şeýdibem Allagyň kakasy
hyrçyny dişläp galypdyr. Ynha, indi näçe ýyldyr, bu
töwereklerde henize-bu güne çenli Senemden habar
bilýän ýok. Galanynam wagt görkezer-ä diýýä adamlar.
Kim bilýä-dä?
O mahallar Allak dördüni dolduryp, ýaňy bäş ýaşyna
giden ekeni. Senemem onuň bilen basdaş. “Adyň
näme?” diýlen soraga “Şenem” diýip, jogap berip
bilipdir. Ýöne Allagyň özi-hä bu zatlary bilenok. Diňe
eşitmiş.
3.
Seýýara sözünde durdy.
— Gelmersiň öýtdüm welin, gelýädiň-aý – diýip,
Allak aňyrdan seýkin basyp, ýetip gelen gyza garap,
dylym-dylym etdi. Onsoň ýuwaşlyk bilen ýöräp
ugradylar. Nobatdaky çatrykdan saga sowlup, esli
ýöränlerinden soň Seýýara:
— Allak! – diýdi.
— Näme?
— Allak, saňa bir zat aýdaýynmy?
— Aýt!
— Gaty görmezmiň?

Allak geňirgenip:
— Nämäni? – diýdi.
— Aýtjak zadymy?
— Hm, hany, entek bir aýt, göreli. Gaty görüp,
näme…
Seýýara ýaýdandy.
— Aýt-da indi, adamlary serim-sal edip goýma-da –
diýip, Allak gyssady.
Seýýara aýdyp goýberdi:
— Düýn men seni aldadym.
— O nähili?
— Aldadym-da.
Allak böwrüne doňuz diňini saldy.
— Näme diýip?
— Düýn bar-a?
— Hawa?
— Men bar-a?
— Hawa?
— Biriniň ýeke gyzy diýdim – ä?
— Hawa?
— Şonda aldadym. Men detdomskiý.
Dünýäniň güýze gaplanandygy häzir diňe çyplaň
adama bildirjekdi. Allak çal penjegini gyzyň egnine
atdy. Ol şuş-şu wagt gyza sorag äheňinde näme-de
bolsa, bir zat diýmelidigine düşündi. Näme sorajagyny
welin bilip bilmedi.
— O ýere nedip düşenimi özümem bilemok – diýip,
Seýýara aýtdy.
— Nirä?
— Şo ýere, detdoma… nädip düşenimi bilemok. Gaty
kiçi ekenim. Detdomam kän bir göz öňüme gelenok. O

ýerden meni ýeke ýaşaýan bir aýal alypdyr. Hiç kimi
ýok ekeni. Hossarsyz bir zat. Özem ýaman baý. Puly
ýere-göge syganok. Ýöne gysyk. Puluny o dünýä alyp
gitjek ýaly, şo-ol aňyrsyna basyp ýatyr. Özem öň,
ynanmarsyň, iki gezek äre barypdyr. Ikisi bilenem kän
ýaşaşmandyr. Aýrylyşypdyr. Aýrylyşmandyram-da,
masgara bolup kowlupdyr. Oňam sebabi çagasy
bolanok ekeni. Hudaý uran heleý-dä. Özüň bilýäň-ä,
çagaň bolmasa…
Allagy ähli zatdan beter Seýýaranyň geçmişi
gyzyklandyrýardy.
— On ýedi ýaşaýançam şoň elinde boldum – diýip,
Seýýara Allagy gyzyklandyrýan gürrüňe geçdi. – Ýöne
o heleý ýaman erbet ekeni. Göwnüne ýakmaýan bir iş
etseň, bir urýa, bir urýa, Hudaý saklawersin. Ony-muny
almak üçin pul sorasaňam urýar. Özem bir dili hapa, iki
gulakly eşider ýaly däl. Maňa eje diýeňok diýibem
urýardy-da, ynansaň. Onsoň bir gün gaçdym.
— Kim bilen?
Seýýara gülüp:
— Şol aýalyň öýünden gaçdym diýýän – diýdi.
— Onsoň?
— Onsoň kwartirant bolup ýaşap başladym. Jaýyň
eýesi ýaş oglan ekeni. Aýaly, çagalary bar. Özem
maşynly-zatly. Onam aldadym. Uçilişede okaýan
diýdim. Özümem uzakly gün şäherde kaňkap
ýörýärdim.
— Puly nireden tapýardyň?
— Ol aýalyňkydan gaçyp gaýdamda ähli puluny alyp
gaýtdym-a.
— Onsoň?

— Onsoň şeýdip gezip ýördim. Bir günem pulum
gutardy. Aç ölmejek bolsaň bir zat etmeli-dä.
Gymmatbaha köýneklem bardy. Hemmesini
satyşdyrdym. Ýene pulum gutardy. Onsoň köwüş
magazine girdim-de, gyzlaň gymmatbaha köwüşleriniň
birini ogurlap goýberdim. Bazara çykarybam satdym.
Ýöne sowup ýörseň, pul diýeniň derrew gutarýar-a.
Ýene şo magazine bardym. Ýene şo köwüşden birini
aldym. Magazinden çykyp barýarkamam tutuldym.
Magazinçi seredip duran ekeni-dä. Her zadam bolsa, şo
gezek magaziniň içinde kän adam ýokdy. Ýogsam
dagyn, masgara…
— Magazinçi hiç zadam diýmedimi onsoň?
— Diýmezmi?! Magazini içinden ýapdy-da, içki
jaýyna saldy. Menem bir gorkýan, bir gorkýan. “Jan
agam, näme etseň et, ýöne urma” diýip ýalbarýan. Hem
aglaýan. “Şu gezek zat degme, indi gaýtalaman”
diýýän. Ýaman doňýürek ekeni…
— Ýaş oglanmydy ol?
— Aý gaty bir ýaşam däl.
— Onsoň?
Gyz utanjyrady. Az salym dymansoň, ýarym
pyşyrdy bilen:
— Zorlady – diýdi. Şonda Seýýaranyň sojaýandygy
duýuldy. Ol başardygyndan özüni dürsäp, dowam etdi.
— Ogurlan köwşümem elime tutdyrdy-da,
çümmükläp, hapa-hapa sögdi. Soňam kowup goýberdi.
“Şu töwereklerde göräýsem hamyňy sypyryn” diýdi…
Allak gyzyň egninden tutup, gujaklady-da, ony
köşeşdirmek niýeti bilen:
— Ol aýal soň seni gözlemändirmi? – diýdi.

— Gözlemezmi? Gözläpdir. Milisýä aýdypdyr. Bir
gezek ýitenleň syraty asylýan tagtada öz suratymy
gözüm bilen gördüm. Boýumyň näçedigini özüm
bilemok welin, şolar bilýän ekeni. Suratymyň aşagynda
boýy 165 cm diýip ýazypdyrlar.
— Onsoň?
— Onsoň şeýdip ýaşap ýörün. Bir köpügem pulum
ýok. Oňa-muňa iş sorap bardym. Käsinde iş ýok. Iş
bolan ýerde-de dokument soraýarlar. Mekdepleň
birinde pol süpürijilik işi bar ekeni. Dokumentem
soranoklar. Ýöne direktory haramzada ekeni.
— Hä, näme diýýär?
— Dokumentsizem bolsaň, işe alaýyn diýýä. Ýöne
diýýä, men näme diýsem etmeli borsuň diýýä. Niýeti
gowy däl-dä. Aňyrrakda sür diýdim. Ýogsam, tekiz
pulum ýok.
— Jaý üçin pul tölemeli dälmidiň?
— Tölemeli. Ynha, berjek diýip, eýesini aldap ýörün.
Pulsyzlygymy bileli bäri oňam niýeti gowy däl. Özem
azar berýär sen oňly gyz däl diýip. Aý, bir oňatja
kwartira tapsam, o taýdanam gaýdaryn-la…
Häzir ýüzünde-gözünde gussa diýlen zadyň jinnek
ýaly-da alamatlary bolmadyk Seýýaranyň
betbagytlygyna Allagyň agysy tutdy.
— Eger kwartira gerek bolsa men, ine, ertiriň özünde
tapyp beräýerin – diýip, ol ejiz adamyň gününe rehimi
inýän kişi hökmünde aýtdy. Aýtdy-da, tapyp beräý
diýen sözleri eşitmek umydy bilen Seýýaranyň
gözlerine seretdi. Elbetde, edil şol wagt Seýýara-da oňa
seredip durdy. Gyzyň gözlerinde Allagyň ilki gören
zady namutlyk boldy. Soň özüne meňzeşlik gördi.
Göwnüne bolmasa, onuň gözleri-de, burny-da
Allagyňka çalymdaşdy. Hut şo pursatdan başlabam bu
gyz Allagyň gözüne onuň mundan on ýedi ýyl çemesi
ozal ykbalyň emri bilen näbelli ýerlere düşmeli bolan
ganybir uýasy Senem bolup görnüp ugrady. Ykbal,
belki, Allak bilen Senemi şu gün şu ýerde ýüzbe-ýüz
bolmaga emr edendir. Hiç kes şuňa heňe gelmejek zat
diýip bilmez!
Allagyň içki howsalasy artdy. Ol ýere bakyp, ýaňky
aýdanlarynyň tersine gürledi:
— Aý, ýok, men-ä kwartira tapybilmen… Meň başgada
işim kän-ä. Sen meni bagyşla! Özüň bilýäň, okuw
döwri hemme zada ýetmek kyn bolýar. Boş kwartira
kändir-le. Çynyňy edip bir günjük gözleseň tapdyrar…
Seýýaranyň ýüz keşbi üýtgedi. Ol Allagyň göni
bäbenegine bakdy-da, gatyrganyp:
— Bolşuň nähil-ä? – diýdi. – Kim saňa şu wagt
kwartira tapyp ber diýýä?
Şu sözleri diýip, gyz, megerem, nähek
ynjydylandygyny hereketlerinde-de mälim etmek
maksady bilen kesä bakdy.
Allak galpyldady.
— Sen maňa dogry düşün! Men okuw döwri dert-alada köp diýjek bolýan. Mydama ýetişiksiz gara
günde… Häzirem bir ýere gitmeli-dä… Men gidäýeýin!
Bolýamy?
Gyz oňa adatdan daşary geňgalyjylyk bilen seretdi.
Allak jalbarynyň jübesine el urup, ondan esli ownuk
pul çykardy. Olary Seýýaranyň eline tutdyrdy-da, şeý
diýdi:
— Me, al şulary!
Seýýara äm-säm halda:
— Bi näme? – diýdi.
— Al! Ýygna! Gerek bor… Ýöne sen menden gaty
görme! Bolýamy? Men indi gelmen. Ýaňam aýtdym-a,
meň ýaman işim kän… Başga zat üçindir öýdäýme!
Işim kän. Ýetişibilemok… Gaty göreňok dämi? Men
onda gidäýjek.
— Düşünmedim? Nirä gitjek? Nämüçin gitjek? Ýa
men bir zat diýip, göwnüňe degdimmi? Hä?
Nämüçin?.. Düşündirip git! – diýip, gyz eňredi.
Howanyň çigrekligine garamazdan, Allak derledi.
Çyny bilen burçak-burçak derledi. Ol maňlaýynyň
derini eli bilen sylyp:
— Ýok, göwnüme degeňok. Oň üçin däl – diýdi.
— Onda nämüçin?
— Aýtdym-a işim kän diýip… Bolýa onda, sag bol!
Men gitdim. Menden gaty görme! Bolýa?
Jogaba derek gyz diňe baş atdy. Şundan soň Allak
sapandan sypan ýaly boldy. Çalt-çalt ýöräp,
gaýralygyna tutdyrdy. Hol aňryk baransoň, hyrra
öwrülip, yzyna seretdi-de, taýak atym daşlykda
henizem sarsman duran gyza tarap gaýtdy. Onçakly
golaýa-da gelmän:
— Meň penjegimi bersene! – diýip, boýnuny burdy.

Mart, 1992. Aşgabat.

Kakamyrat ATAÝEW Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle