Gyz gala
Gyz gala
Dünýäde galadyr köşki-saraý kän,
Atlary hem bir-birinden azymly.
Emma, Gyz galasy, seniň adyňy
Gaýtalamak, şeýle kalba ýakymly.
Seniň bu ýönekeý adyň hakynda
Hakykaty aýan etmek juda kyn.
Belki, Taryh syrdam sütünleriňde,
Gyz syratyn gören bolmagy mümkin.
Sen meňzeýäň bir aşyk binägäriň
Söýgüsinden dörän heýkel esere.
Ýa gadym döwürde asman hüýrleri
Seniň bilen gökden indimi ýere?!
Sen ýönekeý ymarata meňzäňok,
Işigiň asmanda. Nämäň hikmeti?!
Oňa barýan ýol ýok, tapandyr
diňe
Kalbynda bar bolsa ýagşy niýeti.
…Dünýäde galadyr köşki-saraý kän,
Atlary hem bir-birinden azymly.
…Seň syryň gyzlaryň kalby deý pynhan,
Adyň welin, edil ýaz deý ýakymly.
Gurban GURBANOW. Goşgular