|

Gysganmaýanlar utansyn!

Gysganmaýanlar utansyn! Aýsapar Emelowanyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy

Gysganmaýanlar utansyn!

Anna, 04.08.2023 ý.

Özbekleriň bir degişmesinde: «Öňler ogrularyň elini çapýan ekenler. Ine, biziň bratoklaryň el çarpyp oturşyna seret» diýip ogurlyk aýdym aýdýanlar tankyt edilýär. Bizde-de bar şeýle el çarpyp oturýanlar. Aslynda olaryň arkaýyn el çarpyp oturmagyna özümizem günäkär. Olar halkyň üstünden gülüp edýär ony. Halkyň sowadyna göwünleri ýetenok. «Şulaň bilýän zady barmy?!» diýip edilýän ogurlyk bular. Halk bolsa okaýan, diňleýän zadyny seljermän, näme hödürlese «şahyr, aýdymçy» diýip kabul edýär. Onsaň näme olaram aňsadyna sereder-da. Bolmanam, goňşusynyň mellegine girip zat ogurlaýany ýazgaryp, goşgy ogurlaýany «şahyr» diýip arşa galdyryp oturan halkyň üstünden gülünmän, kimiň üstünden gülünsin? Bazara baranda iň gymmat eşikler bilen üstümizi bezemäni bilýäris. Ruhumyza bolsa ogurlyk goşgy, aýdymlary rowa görýäris. Gülmezçe dälem. Biri diýýär: «Sen näme janyň ýanýar. Biz gürlämizok, sen ot alyp barýaň» diýip. Üstüňden gülüp, ogurlyk zady hiç zat bolmadyk ýaly ile hödürläp dursa ot almarsyňmy?! Näme üçin biz oňa gürlemeli däl? Ol şo bolşuna häzirki döwüriň döredijiligi, poeziyasy barada öz samsyk pikirlerini aýdyp ýör. »Häzirki döwürde goşgy ýazýanlaryň arasynda şeýleräk bir pikir bar: «Goşguda bir filosofik pikir bolmaly, oňa-da şahyryň özi düşünmeli.» Bu pikire goşulamok, halk düşünmese peýdasy nä?!» diýip, özüni aklap, beýlekileriñ bar eden işini ýeke köpük hasaplaýar. Şu wagta çenli halypalaryň bar ýazanlarynyň hiç hili ähmiýeti ýok eken, muňky dogry eken. Ogurlaýany ýetmeýän ýaly özüniň edýän işini aklabam otyr. Ine men näme üçin ot alýan. Ýogsa meň oňa hiç hili bahylçylym ýa göripçiligim ýok. Käşge bolsa, bahyllap, göripçilik eder ýaly bir zatlar ýazsa-da menem hezil edip göripçilik etsem. Men edebiýaty şular ýalylardan gysganýan. Gysganmaýanlar utansyn! Nukdaýnazar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle