|

Gysgajyk kyssalar

Gysgajyk kyssalar GYSGAJYK KYSSALAR

■ Hakykat ýalana çyksa…

Jon Smit bir ogrynyñ jübä nädip girip bilýänini görüp otyrdy. Şo wagtam poliseý peýda bolýar-da, onuñ adyndan we familiýasyndan peýdalanmaga çalyşýar.
— Jon Smit — diýip, şaýat tutulýan adam jogap berýär.
— Jögüsirän bolmasañyz-la — diýip, poliseý jabjynýar — Çyn adyñyzy aýdyñ ahyryn!
— Aý, beýle bolsa, Uinston Çerçill diýip ýazaýyñ.
— Ine, munyñ başga gep. Ýogsa her hili Jon Smitler bilen başymy garjaşdyrýarlar.

■ Alñasamaly däl

Bimahal turan gaý iki adamy deñziñ ho-ol alyslaryna alyp gidýär. Olaryñ ýagdaýy agyrlaşyp başlaýar. Ahyrsoñunda azaşanlaryñ biri bu ýagdaýa tap getirip bilmeýär-de, Hudaýa mynajat edip başlaýar;
— Eý, Hudaý, bize bir garaşyk et! — diýip, ol özelenip başlaýar. — Şu geçen ömrümde men señ kän wesýetiñi bozmaly boldum. Köp içdim, keýp çeken boldum, aldawçylykdanam gaýtmadym. Eger-de indi biz bu ýowuzlykdan halas bolup biläýsek, dagy-duwara men beýle wejeralyklara baş goşmazlyga söz berýän!..
Şo wagtam ikinji ýoldaşy gykylyk turuzýar:
— Jek, birazajyk sabyr edip bileñokmy? Söz berip, beýle daşa gidiberme! Hanha, göwnüme bolmasa, gözýetimde bir gämi görünýän ýaly-la…

■ Näsazrak başaýlanma

Lukman:
— Hiý, siziñ maşgalañyzda ýeldirgeme keseline uçran bolupmydy?
Harby gulluga çagyrylýan:
— Näme diýsemkäm? Köp adama meñ kakamy tä ömrümiñ ahyryna çenli samsyk hasap edip gelipdiler.
Lukman:
— O nämüçin?
Harby gulluga çagyrylýan:
— Ol soñky demine çenli özüni öýde hojaýyn saýan bolup gezdi-dä!

■ Hüşgärlik

Garawul:
— Dur, kimsiñ?
Rugsada çykan:
— Men dostuñ. Çüýşejigimem bar.
Garawul:
— Onda, dost, sen-ä yzyña dön, çüýşejik, senem dur!

■ Döwür bilen aýakdaş

Öýlenmek üçin, esger ofisersen gysga wagtlyk rugsat soraýar.
— Eýse, sen o gyzy gowy tanaýarmyñ beri? — diýip, ofiser soraýar.
— Tutuş bir hepdäñ içinde tanadym.
— Munyñ-a sähelçe wagt eken. Ýene-de iki aý dagy garaş. Öýlenjegiñ çynyñ bolsa, soñ men saña rugsat bereýin.
Iki aý geçýärem welin, esger ýene-de ofiseriñ ýanyna gelýär:
— Diýmek, öýlenjegiñ çynyñ eken-dä. Bo-how, bir gyz şeýle uzak wagtlap gyzyklandyrar öýdüp, men hiç wagt pikir etmändirin.
— Men siziñ aýdýanyñyza düşünýän, ser, şoñ üçribem indi başga bir gyza öýlenmegi küýüme düwdüm.

■ Bagtly pursat

Kapitan:
— Haçan-da, sen döşüñden atanlarynda, sen ölmändigiñi nähili subut edip bilersiñ?
Esger:
— Ser, edil şo pursat meñ ýüregim dabanyma geçipdi diýip aýdaýaryn.

■ Esgeriñ durmuşy

Leýtenant:
— Tüpeñiñi arassalañsa sen nämeden başlaýañ?
Esger:
— Ilki bilen, ser, men onuñ nomerini oñatja gözden geçirýän.
Leýtenant:
— Nomerine seredýän diýýäñmi? O saña nämä gerek?
Esger:
— Sebäbi arassalajak tüpeñim birden özgäñki bolaýmasyn diýip ätiýaç edýän.

■ Zähmet bölünişigi

Taglym ýaýradyjy bildirişler tagtasynyñ öñüne barýar-da, şeýle ýazgy ýazýar: «Men hemmeler üçin doga okaýaryn»
Onuñ aşak ýanyndan aklawjy şeýle ýazgy edýär: «Men hemmeler üçin doga okaýaryn».
Lukmanam dowam edýär: «Men hemmeleri bejerýärin».
Ýönekeý adam bolsa gysgajyk şeýle netije çykarýar: «Men welin hemmeler üçin aglaýaryn».

# edebiyatwesungat_98 Degişmeler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle