|

Gysgajyk goşgular

Gysgajyk goşgular GYSGAJYK GOŞGULAR

Ne senden, ejeňden, durmuşdan närza,
Käbäň bagtyň islär, sen bolsa meni.
Ykbal hem söýgini bermez-ä karza,
Bagtyň üçin özüň etmeseň jeňi.

    ***

Ikimiziň ýaşymyzam orta ýaş,
Onda gep däl, başga zada bogulýan.
Allam seni alyslarda ýaratdy,
Gör-ä ykbal, men şu ýerde dogulýan.

Söýgi

Söýgi — sabyrlylyk, synagdyr, sylag,
Söýgi — sahabatdyr, sylaşyk, sarpa.
Öňlerem, häzirem, geljekde ýene,
Baş egip ýaşarlar bäş sany harpa.

     ***

Maýyl eden ol bendiwan ýylgyrşyň,
Görmek üçin hiç hatardan gaýtmandym.
Emma, gelip, şol jadyly keşbiňi,
Görenimde, gynanaryn öytmändim.

Ýatlaýan

Ykbal işýär, maý berenok çözüme,
Seniň keşbiň ýene siňýär gözüme,
Gark bolýan-da, soňra gelip özüme,
Ilk-ä seni ýüregimde otlaýan.
Külüň sowrup, soňra ýene ýatlaýan.

    ***

Elmydama hasaply däl bu durmuş,
Näme diýse diýibersin başgalar.
Bil, ezizim, ikimizi jemlesek,
Iki däl-de, bolarys bir maşgala.

Söýgi

Çykylmasyz belentlik,
Söýgi — hasrat oguşýa.
Ýetilmedik arzuwlar,
Diňe düýşde gowuşýar.

    ***

Bilbilde bar ýürek gargada-da bar,
Deň çykar owazy, kakaylaýsa tar.

    ***

Ynan.
Bir gün alnyňda bagtly daň atar,
Bilseň, şol bagtyň maňa-da ýeter.

Ahmet ARAZOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle