|

Gysga şygyrlar

Gysga şygyrlar WATAN ZARY

Ah, çarhypelegiň oýny kän eken,
Juda çylşyrymly, juda kyn eken,
Size ýalan, maňa weli çyn eken,
Ýalançy ýa ýaňra saýmaň siz meni,
Ençe ýyl mundan öň Mary ilinden,
Owgan topragyna nesibi çeken,
Bir türkmeniň eden wesýeti ynha,
«Watanma bakdyryp jaýlaň siz meni».

• BAGYŞLA KAKA

Durmuşdyr bi, käte gaharyň gelip,
Käýän bolmagyňam ahmaldyr maňa,
Emma men baryny unudypdyryn,
Käýinjiňem süýji ahwaldyr maňa.

Ýöne…
Bir gün ejemiziň daşyna üýşüp,
Mähirden, söýgüden otyrkak gülüp,
Diýipdiň sen şonda gözlerňi ýaşlap,
«Men ene mährini duýmadym asla,
Ýetim bolup galdym özümi bilip.»

Kaka, unutsamda käýinçleriňi,
Unudyp bilmedim şo pursady men,
Unutmadym gözden akan ýaşyňy,
Unutmaryn hem.

Ogulbäbek ORAZBERDIÝEWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle