Gysga satiralar, kelte setirler
Gysga satiralar, kelte setirler
Gelni:
— Hondan bärsi bolup, köpeltme gepiñ,
Men dälmi, getiren öýüñ bar sepin?
Gaýyn ene:
— Onsoñ gürle, satyn alnan salaty!
* * *
Äri:
— Arassa zähmetim, halal aýlygym,
Şoldur meniñ guwanjym hem baýlygym.
Aýaly:
— Seniñ bir aý işläp alýan aýlygyñ,
Meniñ bir bazarda satýan ýaglygym.
* * *
Öýlenen ýigit:
— Täze gelne aýp bolar galmagal,
Gelni:
Tanamaýan gyzyñ satyn almazlar.
* * *
Ýaranjañ:
— Zerurmy, öwrülgin kiçijik bürä,
Boluber başlygyñ ýagdaýna görä.
* * *
Päliýaman enäñ gyzyna wesýeti:
— «Söýýän» diýseñ, «köýýän» diýseñ.
Samsyk borsuñ, haram tula.
Soñ gadyryñ bilner ýaly,
Satyljak bol köpräk pula.
* * *
Algyly gudañ aýdany:
— Gije diýmän, gündiz diýmän,
işle epmän dyzyñy,
Şu ýyl bergiñi üzmeseñ, äkiderin gyzymy.
* * *
Iki ýüzli adamyñ häsiýeti:
— Içerde başlygyñ elini öpüp,
Daş çykansoñ, diýýär oña «Bir köpük».
* * *
Belli bir ärde togtamaýan gelin:
— Ýene geldi owlagyñ,
Jan eje jan, kowmagyn!
* * *
Enäniñ zeýrenji:
— Agramyna çekip, alsam-da pula,
Apardy oglumy, ýetirmäm ýyla.
Gelin diýip, dyndym gaýtam oglumdan.
Menem gapysynda öwrüldim gula.
* * *
Ejemden eşiden nakylym:
— Oýun etse, ogly ýeñwr.
Çynyn etse, atasy.
Gelnimden eşiden nakylym:
— Oýun etse, atasy ýeñer.
Çynyny etse, ejesi.
* * *
Atasy:
— Köp okasañ, köp bor bilimiñ, akylyñ.
Il seni hormatlar, taparsyñ çörek.
Agtygy:
— Bu gün kim bolsañ hem tapylýar çörek.
Hormatlanmak üçin wezipe gerek.
Atda GURBANGELDI.
«Tokmak» žurnaly, 1992 ý. Goşgular