Gyş ýatlamasy
Gyş ýatlamasy
Gyş keşde çekende ak sapak bilen,
Ümsüm ýatlaýaryn şu ahwaly men:
Şo-ol gün köçeleri örtüpdi ak gar,
Hamana ak haly düşelen ýaly.
A bir zenan ele alyp sübesesin,
Gök asmanyň emaý bilen zemine,
Inýän päkligini gorajak bolup,
Maşynlaň öňünden syrýardy gary.
Bu päkligiň goragçysy zenanyň,
Diňmezdi ýaragnyň sesi birjigem.
Jogapkärli işde ýeke niýeti:
Şol günler deý päk bolmagy geljegiň.
…Goramagy başardy ol päkligi,
Işine bagyş edip bütin ömrüni.
Ýyllar boýy asudalyk bezeýär,
Ýurdumyzyň bagtyýarlyk döwrüni.
Gyş keşde çekende ak sapak bilen,
Ümsüm ýatlaýaryn şol zenany men.
Isa HOJAMERDANOW. Goşgular