|

Gyş goşgusy

Gyş goşgusy GYŞ GOŞGUSY

Ýagty bolýar garly gije,
Ýeňen çagy ak garany.
Garlar päklik bu zemine,
Dünýä gar bolup garaly.

Özi sowuk, kalby ýyly
Dana hem dogumly gyşym,
Ýylgyryp gar ýagan ýyly,
Men täzeden dogulmyşam.

Günler kyrk tüýsli bolsa-da,
Däldir bu dünýä geň gylyk.
Seleň, senem sähralarym,
Misli unly ak kendirik.

Daglaň gary ýaldyraplar,
Baglara lak atar sowuk.
Doňsa-da, bu ýollar,ýaplar
Galmasyn ýürekler doňup.

Sowuk diýmäň bu garlara,
Aýazyň ýylysyn duýuň.
Ýyly:ň gadryn bilmek üçin,
Käte biraz üşäp duruň.

Galkynyp gar ýagan çagy,
Gaýgym ýalňyz, şatlyk goşa.
Möwjäp duýgyň ýanardagy,
Ýürek şygra sesin goşar.

…Bu günler töwerek-daşa
Aklyk, aýdyňlyk ýörelge.
Şirin şygyr bolup gyşda,
Ýyljak gar ýagar ýüregme.

Nury SAKÇYÝEW Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle