|

Gynanç

Gynanç GYNANÇ

Gamgyn gözleň bilen bakmagyn maňa,
Ýüregiňem gyýylmasyn hiç sapar.
Sen bagtyňa basymrajyk gowuşsaň,
Meň bagtymam senden ir däl, giç tapar.

Meňzeşiňi tapjagymam gümanly,
Arzysydyň ähli dörän gülleriň.
Alanyňy duýmandyryn gideňde —
Şatlygyny, şowhunyny günleriň.

Gözlemedim özgelerden sapany,
Wepany-da tapmadygma gynanman.
Begenipler toý tutjagmam belli däl,
Höwürdeşim, ýalňyzlykdan dynanma.

Toprak üçin mydam gowsy bolýar-a,
Ýagýan ýagyş siňňitli hem giç diňse
Emma sen, asla gözýaşyň dökmegin,
Diňe sen däl, gyýylmasyn hiç kimse!

Ylham GURBANALYÝEW.

2022.09 Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle