Güýzüm sen
Güýzüm sen
Köşeşdirip lowlap duran dünýämi,
Dumly-duşa salkyn paýlan güýzüm sen.
Gözüm doýmaz, gözlän ýerim gül ýaly,
Tämizläp, kalbyna jaýlan güýzüm sen.
Ýaşlyk höwesini, güýjüni kemmän,
Gyşyň, ýazyň, tomsuň işini jemlän,
Buşluk bilen açyp işigin hemmäň,
Onlap, ýüzläp toýy toýlan güýzüm sen.
Adatky endigiň unutman, ýene
Agraslyk reňkin çaýdyň bar ýere.
Eçildi boz sähram, joşdy dag-dere,
Tarypy äleme ýaýran güýzüm sen.
Sanap görüp bäsdeşleriň jüýjesin,
Sypdyrmadyň nazaryňdan hijisin.
Artdyryp günlerdir aýlaň süýjüsin
«Gez! – diýdiň – ýyllardan doýman» güýzüm sen.
Arman, aýdym aýdyp gezmäň tersine,
Melhem baryn gözläp ýörün, görsene,
Alyp git, bu ömür ýetsin birçene,
Meni öz ýanyňdan goýman, güýzüm sen.
Irmäýin-armaýyn dymmaýyn şindi,
Aýdymlar ýürekde bolmasyn bendi.
Durl-a!.. Älem bir zada-ha begendi,
Gözellik şanyna saýran güýzüm sen.
Beýik hem adaty işleriň bilen,
Gudrat hem adaty daşlaryň bilen,
Gujurly garrylaň, ýaşlaryň bilen
Galdyr meni ýene haýran, güýzüm sen!
Italmaz NURYÝEW. Goşgular